mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Eşret» daýhan hojalygynyň işleri ileri

view-icon 2893
«Eşret» daýhan hojalygynyň işleri ileri

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi senagat, azyk önümlerini öndürýän hususy hojalyklaryň sanynyň artmagyna giň mümkinçilikler döredýär. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky «Eşret» daýhan hojalygy kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan guşçulyk toplumy bolup, bu ýerde 31 müňe ýakyn towuk saklanylýar. Toplumda işleriň talap edilýän kadalara laýyklykda alnyp barylmagy, towuklaryň ýumurtga öndürmekleri üçin zerur bolan ýokumly ot-iýmler bilen üpjün edilmegi günde 30 müňden gowrak ýumurtga almaga mümkinçilik berýär.

«Eşret» daýhan hojalygynyň 99 ýyllyk möhlet bilen kärendä alan ekerançylyk meýdanynda bugdaý, mekgejöwen, dary, soýa ekinleri ekilip, olardan ýokary hasyl alynmagy, ýumurtganyň düşýän gymmatyny peseltmäge, alyjylara elýeterli bahalardan hödürlemäge şert döredýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýan «Eşret» daýhan hojalygy geljekde et üçin niýetlenilen towuklary saklamagy meýilleşdirýär.