mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda ýene bäş medal gazandylar

view-icon 3445

Wladiwostokda 13 – 16 ýaşly türgenleriň arasynda dowam edýän VII «Aziýanyň çagalary» halkara tomusky sport oýunlarynda Türkmenistanyň topary bir altyn we dört bürünç medala eýe bolmak bilen, ýene bäş medal gazandy.

Altyn medala erkin usulda göreşýän pälwanymyz Umyt Kakalyýew mynasyp boldy. Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy bu üstünligi 57 kilograma çenli agram derejesinde 7 bäsdeşiň arasynda finalda Moskwanyň toparyndan Kalimulla Amirowy ýeňmek bilen gazandy. Ilkinji üçlügiň soňky pälwany özbegistanly Farruhbek Jumanazarow boldy.

Ildeşlerimizde göreşiň bu görnüşi boýunça ýene üç bürünç medal bar.

8 pälwanyň baýrak ugrunda bäsleşen 38 kilograma çenli agram toparynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Söhbet Naryýew bürünç medala mynasyp boldy. Özbegistanly Şohruh Ýakubowyň ýeňiji bolan, Russiýanyň Ural Federal etrabyndan Dinislam Gusewowyň kümüş medal gazanan bu agram toparynda ýene bir bürünç medalçynyň kesgitlenendigi bellärliklidir. Ol Saha respublikasyndan (Ýakutystan) Erhan Kuliçkindi.

Ýöne oglanlar üçin 62 kg, gyzlar üçin 50 kg çenli toparlarda degişlilikde 8 we 7 türgen medal ugrunda göreşip, olaryň hersinden bir türgen üçünji orny eýeledi. 62 kilograma çenli agramda özbegistanly Donier Ibragimow Oýunlaryň çempiony boldy, moskwaly Yslam Magomedow bolsa kümüş medal gazandy. Bürünç medaly Lebap welayatynyň Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Mekan Hudaýberenow eýeledi. 52 kilograma çenli agramda bolsa ilkinji iki orny degişlilikde Russiýanyň Sibir federal okrugyndan Margarita Ýarygina we özbegistanly Husniobod Soltannazirowa aldy, bürünç medaly Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Zahirowa gazandy.

Türkmenistanly erkin göreş boýunça tälimçi, «Aziýanyň çagalary» oýunlarynyň resmi saýty bilen geçiren söhbetdeşliginde şägirtleriniň halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşýandyklaryny we bu ýaryşlaryň ýurdumyz üçin diýseň möhümdigini aýtdy. Oýunlara Türkmenistandan bäş adam gatnaşdy. Selbi Zahirowa, göreş bilen bary-ýogy 2 ýyl bäri meşgullanýandygyna garamazdan, bürünç medal gazandy.

«Aziýanyň çagalary» oýunlarynda Türkmenistanyň topary üçin ikinji bürünç medaly ýeňil atletikaçy Sabina Kasymjanowa gazandy. 1500 metr aralyga ylgamakda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Sabina Kasymjanowa özbegistanly Dilnoza Hoşimowadan (4 minut 48,91 sekunt) we Maftuna Ahmedowadan (4 minut 36,80 sekunt) soň gelip (4 minut 57.41 sekunt), üçünji boldy.

Lebap welayatynyň we Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda birnäçe gezek ýeňiji bolan Sabina Dänew etrabyndaky 5-nji sport mekdebinde tälim alýar.

Ondan öň S. Kasymjanowa 3000 metr aralyga ylgamakda ilkinji gelip, Türkmenistana ilkinji altyn medaly getirdi. Ýeňijiniň wagty 10 minut 36,78 sekuntdy.

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda ýedi gün dowam eden ýaryşyň netijelerine görä, 8 medal (2 altyn, 1 kümüş we 5 bürünç) gazanan Türkmenistanyň topary medala mynasyp bolan 16 toparyň arasynda 9-njy orny eýeleýär.

Sportuň 19 görnüşi boýunça oýunlaryň 273 medal toplumy ugrunda 12 ýurtdan we Russiýa Federasiýasynyň 8 sebitinden gelen türgenler bäsleşýärler. Russiýa Federasiýasynyň Primorsk sebitiniň milli ýygyndysyndan iki topar gatnaşýar.

Oýunlara Türkmenistanyň toparynda sportuň dokuz görnüşi: 3x3 basketbol, boks, göreş, ýeňil atletika, stol tennisi, suwda ýüzmek, sambo, sport göreşi (grek-rim we erkin usul) we ýaý atmak boýunça medal ugrunda bäsleşýän 62 türgen gatnaşýar.

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlary 8-nji awgustda tamamlanar.