mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar

view-icon 1575
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar
Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanýar

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda, şypaly Gökderede hem-de welaýatlarda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagyna sanlyja gün galdy. Çagalar dynç alyş wagty gyzykly gezelençler etdiler, aň-paýhas, döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşdylar, ýurdumyzyň tanymal adamlary bilen duşuşdylar. Tomus günleri okuwçylar dürli ugurlarda, şol sanda ekologiýa medeniýetine we sagdyn durmuş ýörelgelerine degişli bilimlerinidir başarnyklaryny artdyrdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hyzmatdaşlary bilen bilelikde, 12-nji we 13-nji awgusta meýilleşdiren çäreleri çagalar üçin ýatdan çykmajak günleriň jemini jemlär. Olaryň birinjisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Milli merkezi bilen bilelikde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçiriler. «Türkmenistan- bagtyýar çagalaryň Watany» atly bäsleşige tutuş ýurdumyz boýunça çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde halk saz gurallarynda saz çalmakda, aýdym aýtmakda, labyzly goşgy okamakda, gurjak oýunlaryny goýmakda we ş.m. özüni görkezen çagalary gatnaşarlar. Bilim ministrliginde habar berlişine görä, çagalaryň dynç alan dört tapgyrynda ýaş zehinleriň ençemesi ýüze çykaryldy, olar bäsleşigiň baş baýragy ugrunda bäsleşerler, galanlaryna höweslendiriji baýraklar berler.

«Biz Watanyň balasy» atly beýleki çäräni 13-nji awgustda Bilim ministrligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirmegi göz öňünde tutýar. Ahal welaýat häkimliginiň «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alşyň dört tapgyrynda has gyzykly wakalar we pursatlar düşürilen wideoşekilleriň bäsleşigi geçiriler. Çagalaryň bu erkin döredijiliginiň üsti ýurdumyzyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň ählisiniň dürli döredijilik gurnaklarynda ýerine ýetirilen iň gowy çagalar fotosuratlarynyň we el işleriniň sergileri bilen ýetiriler. Çagalardan düzülen eminler topary bolsa ýeňijileri kesgitlär. Bilim ministrliginiň işgärleriniň aýtmagyna görä, çagalardan düzülen eminler topary deň-duşlarynyň işlerine adalatly baha bererler.