Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen, jenap Ion Nawaly Siziň Alyhezretiňiziň ýanynda Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
Jenap Ion Nawalyň tejribesi hem-de başarnyklary onuň öz üstüne ýüklenilen jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine hem-de Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna we hormatyna mynasyp boljakdygyna mende ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, ony mähirli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Rumyniýanyň Hökümetiniň adyndan Siziň Alyhezretiňize beýan etjek ähli sözlerine, esasan-da, Siziň Alyhezretiňize bagt, Türkmenistana bolsa gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymyzy beýan edeninde, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.
Klaus Werner Ýohannis,
Rumyniýanyň Prezidenti.