Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

view-icon 4192

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Naýthart Hýofer-Wissingiň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işi tamamlanandan soňra, bu wezipä Mihael Uwe Birhoffy bellemek kararyna geldim. Mihael Uwe Birhoffyň şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynam döredýär.

Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Size ynanç hatyny gowşurmak hormaty ynanyldy. Siziň Alyhezretiňizden ony mähirli kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan ýa-da Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň tabşyrygy boýunça beýan edýänleriniň ählisine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, Türkmenistana bolsa abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.

Size uly hormat goýmak bilen,

Frank-Walter Ştaýnmaýer,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.