Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Siziň şol mähirli sözleriňiz doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky barha berkeýän dostlukly gatnaşyklary beýan edýär.
Biziň döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara goldaw bermegiň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistana ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Arif Alwi,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Pakistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlag hatyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.
Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylyga esaslanýar. Pakistan Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklara ýokary baha berýär. Özara hormat goýmaga, dostluga hem-de hyzmatdaşlyga daýanýan bu gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammad Şahbaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.