Ï Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

view-icon 4534

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Karl III-ä tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň Birleşen Patyşalyk bilen syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III-ä berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.