Ï Nusgawy edebiýatyň muşdaklarynyň bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nusgawy edebiýatyň muşdaklarynyň bäsleşigi

view-icon 6461

camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda ýazyjy Atajan Tagan tarapyndan, amerikaly ýazyjy Jek Londonyň türkmen diline terjime edilen “Martin Iden” romanyny okan has ünsli we oýlanyşykly okyjyny kesgitlemek ugrunda guralan bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bu çäre kitap okamagy halaýan aşgabatly okyjylaryň köpsanly janköýerleriniň hem-de “Nowça” atly meýletinçiler hereketiniň wekilleriniň ünsüni çekdi.

Bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de “Täze älem” kitap dükany guradylar. Bu akyl-paýhas bäsleşiginiň öňünde goýlan maksat ýaşlary nusgawy edebiýaty okamaga çekmekden ybarat boldy. Bu bolsa biziň kompýuterleşdirilen zamanamyzda örän möhümdir.

Bäsleşige 37 ýaşa çenli adamlaryň 100 - e golaý gatnaşyp, olar kitaby üns berip okandyklaryny tassyklaýaýn sowallara, şeýle hem eserde gozgalýan käbir meseleler babatda öz pikir ýöretmelerini beýan edýän giňişleýin jogaplaryň berilmegini göz öňünde tutýan sowallara jogap bermeli boldular.

Bäsleşikde Baş baýraga mynasyp bolan Şirin Gurbanowa we 1-nji orny eýelän Ismail Berdiýew esasy tapawutlanan okyjylar boldy.

Bäsleşigiň dowamynda, isleg bildirýänlere islendik kömegi bermäge taýýar gujurly ýaşlardan ybarat bolan” Nowça” atly meýletinçiler hereketiniň peýda bolandygy bellärliklidir. Olar kitabyň açyk görnüşindäki deňizçi nyşany şekillendirilen eşigi geýnip bäsleşikde boldular.