Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!
Sizi baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy, şeýle-de döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde üstünlikleri arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak, raýatlarymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Eziz Watanymyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda täze medeni-durmuş maksatly binalar, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda amala aşyrylýan düýpli maksatnamalar Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterýär. Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek we ösdürmek alyp barýan daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Hormatly adamlar!
Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik indi birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşige medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri özleriniň döwrebap we kämil eserleri bilen gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny kämilleşdirmekde, täze eserler bilen baýlaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň aýratyn uly ähmiýeti bardyr. Biz geljekde bu döredijilik bäsleşigini has-da kämilleşdirmäge, döredijilik işgärlerini maddy taýdan goldamaga uly üns bereris. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi medeniýet we sungat işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrýan, ylham akabalaryny joşdurýan çeper döredijiligiň özboluşly mekdebine öwrülmelidir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň bäsleşige hödürleýän goşgularynda, poemalarynda, hekaýalarynda, makalalarynda ajaýyp zamanamyzyň halkymyza berýän eşretleri, döwletimiziň ähli ulgamlarda ýetýän belent sepgitleri, milli we ruhy gymmatlyklarymyz çeper beýan edilýär. Heýkeltaraşlarymyzyň, nakgaşlarymyzyň, zergärlerimiziň şekillendiriş sungaty eserlerinde türkmen halkynyň milliligi, gadymy gymmatlyklary, ýurdumyzyň gözel tebigaty aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda goýulýan sahna oýunlarynda şöhratly taryhymyz, beýik ösüşlerimiz we abadan durmuşymyz mynasyp beýan edilýär. Bagşy-sazandalarymyzyň, aýdymçylarymyzyň joşgunly aýdym-sazlary toý-dabaralarymyzda belentden ýaňlanýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň gazananlaryny dünýä ýaýmaga, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär.
Hormatly medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri!
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda geçirilýän döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamlary, konsertler, festiwallar, sergiler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär, Diýarymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýar. Biz ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky şöhratly wakalara aýratyn buýsanýarys.
2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçiler. Biz akyldar şahyrymyzyň arzuw eden zamanasynda ýaşap, Magtymguly Pyraga guwanmaga haklydyrys. Siz bu şanly senä — Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna şu günlerden taýýarlyk görüp, dana şahyryň edebi mirasy, baý döredijiligi barada täze edebiýat, şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz sungaty eserlerini, sahna oýunlaryny, çeper filmleri döretmelisiňiz. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak halkymyzyň sarpasyny belende götermekdir, ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten ynsanperwerlik, watansöýüjilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekdir.
Hormatly adamlar!
Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy, şeýle-de döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýar we bolelin durmuş, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.