Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady.
“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we ikitaraplaýyn ynanyşmaga daýanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bilelikdäki tagallalar netijesinde ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alberto Fernandese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.