Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.
Ählumumy meseleleri çözmekde bilelikdäki netijeli işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirýärin.
KARL III,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň
Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan işleriňiz ýurduňyzyň raýatlaryna geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.
Häzirki günde döwletlerimiziň halklarynyň köpasyrlyk dostluk, özara goldaw bermek däplerine esaslanýan rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrylýar we ösdürilýär. Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Siziň bilen duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine berýän yzygiderli ünsüňiz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýärin!
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň
Başlygynyň orunbasary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilhanasynyň işgärleriniň adyndan doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymyzy, BMG-niň ulgamy bilen strategik we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde edýän tagallalaryňyz üçin hoşallyklarymyzy kabul ediň!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar, parahatçylygy, howpsuzlygy, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de Türkmenistan sebit we halkara binýatlarda Durnukly ösüş maksatlaryny, durnukly ulagy, energiýa howpsuzlygyny, suw meselelerini maliýeleşdirmegiň wezipelerini çözmekde işjeň orun eýeleýär.
Şu baýram gününde Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmen halkynyň bähbidine Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Dmitriý ŞLAPAÇENKO,
BMG-niň Türkmenistandaky
hemişelik utgaşdyryjysy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan
jenap Prezident!
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan halkyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmagyň ýoly bilen ynamly öňe barýar, ýurduň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar we pugtalandyrýar, halkara gatnaşyklarda öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň goldaýar.
Türkmenistanyň parahatçylygy we özara düşünişmegi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli, deňhukukly halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezmek bilen, ählumumy we sebit meselelerini çözmekde mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş etjekdigine pugta ynanýaryn. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine berýän hemişelik ünsüňiz hem-de onuň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi goldamak boýunça tagallalaryna berýän yzygiderli kömegiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.
Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk hem-de jogapkärli wezipäňizde Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Natalýa GERMAN,
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.