Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 3586
Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buigi kabul etdi.

Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dürli pudaklarda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny belledi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda olaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan oňaýly maýa goýum ýagdaýlary we şertleri döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň uly goşandyny belledi. Şol maksatnamanyň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde tutuş ýurdumyz boýunça häzirki Türkmenistanyň hemişelik nyşanyna öwrülen önümçilik, durmuş-medeni maksatly möhüm desgalaryň onlarçasy bina edildi. Ak mermerli Aşgabat bolsa gözel keşbi we özboluşly binagärligi bilen Merkezi Aziýanyň merjenine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýasynyň durmuşa geçiren taslamalaryny ýokary hilli, üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de jogapkärçilikli ýerine ýetirýändigini nygtady. Şunda paýtagtymyzyň keşbiniň özgerdilmegine kompaniýanyň goşan goşandy, gepleşikleri we dürli taslamalaryň tanyşdyrylyşlaryny geçirmek üçin hemme şertleri bolan häzirki zaman işewürlik merkezini gurmak boýunça alnyp barylýan işler mysal hökmünde getirildi.

Işewür hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň işjeň gatnaşandygyny belledi hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça gymmatly maslahatlary üçin hoşallygyny beýan etdi. “Bouygues” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Kompaniýa Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär. Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň, buýrujynyň ähli isleglerine laýyklykda, ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna pugta eýerjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz toplanan oňyn tejribäniň, uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

“Bouygues” kompaniýasynyň Baş direktory ikiçäk söhbetdeşlikde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi.