Ï Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

view-icon 4423
Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýeti (TGÝAMJ) we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) özara düşünişmek hakynda Ähtnama we adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleriň maksatnamasy hakynda degişli resminama gol çekdiler.

Şu iki resminamalara gol çekilmegi adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak, ilatyň talabyny kanagatlandyrmak maksady bilen, öz mandatynyň we ygtyýarlygynyň çäklerinde taraplaryň hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar.

Özara düşünişmek baradaky Ähtnama ynsanperwer ýagdaýlarda TGÝMJ-niň we ÝUNISEF-iň ulanjak esasy serişdeleriň ätiýaçlyk gorlaryny ammarlarda saklamak we dolandyrmak üçin bilelikdäki giňişligi üpjün edýär. Adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleriň maksatnamasy hakynda Resminama çökgünlik ýagdaýy dörän pursadyndan 24 sagadyň içinde işjeňleşdiriljek ätiýaçlyk ynsanperwer maksatnamasydyr. Ol ilata ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça bilelikdäki çäredir.

Bu iki resminama ilatyň derwaýys talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ilkinji nobatda zerur zatlarynyň bolmagyny kepillendirýär.