Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Siziň ýurduňyza mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Siriýa Arap Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara esaslanyp, biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy halklarymyzyň bähbidine işjeňleşdirmegi, çuňlaşdyrmagy we täze derejä çykarmagy maksat edinýäris.
Hormatlamak bilen,
Başar Al-Asad,
Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Horwatiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge, türkmen halkyna ösüş we abadançylyk arzuw etmäge şatdyryn.
Horwatiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän köp ugurlar boýunça, şol sanda ykdysadyýet ýaly möhüm ulgamda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.
Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Zoran Milanowiç,
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Siziň ýurduňyza, hoşniýetli türkmen halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Awstriýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellemek isleýärin. Ýurtlarymyzyň dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.
Geçen ýylyň noýabrynda Awstriýanyň daşary işler ministri Türkmenistana sapar bilen bardy. Munuň özi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine täze itergi berdi. Bilelikdäki awstriýa-türkmen ykdysady toparynyň Aşgabatda geçiriljek mejlisi hem hut şuny maksat edinýär.
Ýurtlarymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara dialogyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ilerledilmegine işjeň goldaw berýändiklerini nygtamak isleýärin.
Size we Siziň ýurduňyza abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Aleksandr Wan der Bellen,
Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Şanly sene — Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Geçen 30 ýylyň içinde ýurtlarymyzyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, iki doganlyk halkyň bähbidine köpugurly we özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başarandyklaryny uly kanagatlanma bilen belleýärin.
Işjeň syýasy dialog, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi, şeýle-de iki ýurduň halkara giňişlikdäki üstünlikli özara gatnaşyklary munuň subutnamasydyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açmak bilen, gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça bilelikdäki işlere taýýardygymy ýene bir ýola tassyklaýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, jogapkärli döwlet işiňizde Size uly üstünlikleri we ýeňişli sepgitleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin!
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Siziň ýurduňyza hem-de dostlukly halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Şeýh Mişaal Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Çehiýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dostluk, özara hormat goýmak ruhunda ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.
Miloş Zeman,
Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin hem-de Size berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Tailand bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara düşünişmäge, netijelilige esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Maha Waçiralongkorn,
Tailandyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär, iki ýurduň arasyndaky işjeň gatnaşyklar özara bähbitlilik we strategik häsiýetlerine eýedir. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Alihan Smailow,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Tailand Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin hormatdyr.
Tailand we Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri 30 ýylyň dowamynda dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Mümkinçilikden peýdalanyp, Tailandyň Hökümetiniň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklamak isleýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
General Prawit Wongsuwan,
Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji.