Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 3732

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Bidhýa Dewi Bhandari,

Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Liwanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn, dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigimizi tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

General Mişel Aun,

Liwan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu geçen döwürde ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyna hem-de deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygyny, çuň manyly syýasy gatnaşyklaryň, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellemek ýakymlydyr. Döwrüň we taryhyň synagyndan geçen dostlukly gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyryljakdygyna, halkara guramalaryň çäklerindäki we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Nepalyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljek ýyllarda has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Şer Bahadur Deuba,

Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri.