Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Prezidentini gutlady

view-icon 4238

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini, özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar netijesinde, iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Zelenskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ukrainanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.