Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

view-icon 5387

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Şu döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklar kemala geldi. Halklarymyzyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri geljegi uly maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmekde pugta binýatdyr.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglygyny we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.