Ï Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

view-icon 3521
Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň paýtagtyna geldi we bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa – Russiýa” Sammitine gatnaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerinde işjeň orun eýeleýändiginiň, sebit we sebitara görnüşinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bularyň ählisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astananyň ajaýyp künjekleriniň birindäki Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýdy.