Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Baş metjidine baryp gördi. Bu täze metjit şu ýylyň awgust aýynda açylyp ulanylmaga berildi.

Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimizi metjidiň baş ymamy mähirli gaşylady we belent mertebeli myhmany metjit toplumy, onuň desgalary, binagärliginiň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gazagystandaky iň uly metjit 10 gektar meýdanda guruldy. Täze metjidiň dört minarasy bar. Olar her biriniň beýikligi 130 metre barabardyr. Çep ganatdaky minaralaryň biri bu ýere gelýänler we syýahatçylar üçin açykdyr. Olar liftde metjidiň syn ediş meýdançasyna galyp bilýärler. Metjidiň uly gümmeziniň beýikligi 83,2 metre, diametri 62 metre barabardyr. Metjidiň bezeginde milli gazak nagyşlary hem-de däp bolan yslam bezegleri, reňkli mozaýka we halylar ulanyldy.