Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Sloweniýa bilen Türkmenistanyň arasynda gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge umyt edýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Borut PAHOR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Laos Halk Demokratik Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, ähli dostlukly türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Laos Halk Demokratik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, asylly işleriňizde hem-de başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Thonglun SISULIT,
Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Sizi mähirli gutlaýaryn.
Ermenistan Türkmenistan bilen özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň bähbitleri ugrunda ermeni-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltjekdigimize ynanýaryn.
Size berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.