Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

view-icon 5318

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size üstünlik, ýurduňyzyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwlet we milli gurluşynda uly ösüşleri gazandy hem-de döredijilikli zähmeti bilen parahatçylygyň, durnuklylygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine belent sepgitlere ýetdi. Ýewropa Bileleşigi uzak möhletleýin hyzmatdaş hökmünde syýasy gepleşikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalar arkaly Siziň ýurduňyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyr. Noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “ýaşyl” energetika hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy bolar. Biziň dialogymyzyň, şol sanda adam hukuklary boýunça gatnaşyklarymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň Türkmenistanyň mundan beýläkki ösüşine, ýurduňyzyň ähli raýatlarynyň ykdysady, durmuş mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýandygyna Sizi ynandyrmak isleýärin. Biz Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki hyzmatdaşlyga taýýardygyna ýokary baha berýäris hem-de bu görnüşde netijeli pikir alyşmalara garaşýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Size we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Şarl Mişel,
Ýewropa Geňeşiniň Başlygy.