Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat

view-icon 3442

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Golaýda biz Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda üstünlikli duşuşyk geçirdik hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklary, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ähmiýetli ylalaşyklary gazanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledik.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we Siziň bilen bilelikde strategik hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de täze derejä çykarmaga, iki ýurduň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbalynyň bileleşigini gurmak üçin umumy tagallalary etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglygyny, abadançylyk, dostlukly Türkmenistana gülläp ösüş we güýç-kuwwat, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.