Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Başlyk!
Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilmeginiň 73 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.
Siziň Prezident wezipesinde işlän döwrüňizde hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyňyza hem-de hemmetaraplaýyn ýardam berendigiňize, özara bähbitli hyzmatdaşlygymyza we Siz bilen şahsy dostlugymyza ýokary baha berýärin.
Siziň bilen bilelikde geljekde-de iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmek üçin ýakyn gatnaşyklary saklamaga taýýardyryn.
Size berk jan saglygyny, abadançylyk, dostlukly Türkmenistana gülläp ösüş hem-de has-da kuwwatly döwlete öwrülmegini, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.