Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Ozaly bilen, doganlyk türkmen topragynda resmi saparda bolan wagtymyzda mähirli kabul edilendigimiz hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Ajaýyp Aşgabat şäherinde Siziň Alyhezretiňiz bilen däp bolan dostluk, özara ynanyşmak hem-de açyklyk ýagdaýynda geçirilen söhbetdeşliklerimizi aýratyn bellemek isleýärin. Şol duşuşyklar hyzmatdaşlygymyzyň berk binýadynyň kemala getirilmegine uly goşant goşmak bilen, mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Biz häzirki wagtda Siziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyňyz netijesinde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygynyň, raýatlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň, ýurduňyzyň halkara giňişlikde abraýynyň barha belende galýandygynyň ýene bir gezek şaýady bolduk.
Saparymyzyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem-de kabul edilen birnäçe resminamalar, şol sanda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama, hakykatdan-da, uly taryhy waka boldy we özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda bütinleý täze sahypany açdy.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň şahsy başlangyjyňyz bilen gülläp ösýän Aşgabatda mizemez dostluk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýän “Daşkent” seýilgähiniň gurlandygyny aýratyn bellemek isleýärin, ol hemmelerde unudylmajak täsir galdyrdy. Men Siziň uly ünsüňize hem-de biziň ýurdumyza we halkymyza şeýle hormat goýýandygyňyza hemişe ýokary baha bererin. Mizemez dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletleýin we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň, biziň aramyzda emele gelen ýakyn dostluk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine pugta ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Siziň jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.