Ï Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 5188

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherinde geçirilen baýramçylyk çärelerinde emele gelen basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.