Ï Goňurdepe – Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goňurdepe – Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri

view-icon 12967
Goňurdepe – Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri

Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynda Garagum çölüniň çäge gatlaklarynyň astynda galan, bürünç eýýamynyň uly şäheriniň açylmagynyň ýyl dönümine bagyşlanan «Türkmenistan: Goňurdepe – Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri» atly açyk sapak boldy.

Talyplar bilen duşuşyga rus-türkmen Margiana arheologik ekspedisiýasynyň başlygy Nadežda Anatolýewna Dubowa geldi.

Rus antropology, arheology, taryh ylymlarynyň doktory, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň etnik ekologiýa pudagynyň başlygy Nadežda Dubowa ýaňy-ýakynda Goňurdepe gonamçylygyna gurnalan arheologik ekspedisiýadan gaýdyp geldi. Taryhy we medeni ýadygärligiň ýagdaýyna baha bereninden soň, ol ýokary mekdebiň talyplaryna takmynan b.e. öňki 2300-nji ýyllara degişli bolan tapyndylary görkezdi.

Bu gadymy şäher 1972-nji ýylda arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa tarapyndan açylypdy. Wiktor Iwanowiç gadymy Marguş ýa-da grek dilinde aýdylanda, Margiana siwilizasiýasyny-da açypdy, şol wagta çenli ol ýarym hyýaly bir ýurt hasaplanýardy.

1990-njy ýyllaryň ortalarynda arheologlar Goňurdepe gonamçylygynda gazuw-agtaryş işlerine başladylar. Bu hysyrdyly iş 10 ýyl dowam etdi, netijede alymlar 3000-e golaý gadymy guburlar tapdylar. Olaryň käbirlerinde öý goşlaryndan we şaý-seplerden başga-da arabalar ýuze çykaryldy.

2000-nji ýyllarda esasy howzuň gündogaryndan 8 sany şa guburlary tapyldy, olar ýerasty guburlar görnüşinde ýerleşdirilipdir. Onuň ýanyndaky üç sany uly toprak çukuryndan şa hyzmatkärleriniň we haýwanlaryň jaýlanan ýeri tapyldy. Arheologlar olaryň içinden gymmatbahaly altyn hazynalaryny we owadan mozaika pannolaryny-da tapdylar. Häzirki wagtda hünärmenler olary dünýäniň iň gadymy ýordumly mozaikasy hasaplaýarlar.

Ýokary mekdebiň talyplary üçin kiçijek sergi we gadymy tapyndylaryň wideo görkezilişi guraldy.