Ï Türkmenistanyň Kanuny Notariat we notarial işi hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Notariat we notarial işi hakynda

view-icon 18525

Şu Kanun Türkmenistanda notariatyň we notarial işiniň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

I bölüm. NOTARIATYŇ IŞINIŇ GURAMAÇYLYK WE HUKUK ESASLARY

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Türkmenistanda notariat

Türkmenistanda notariat — bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan, notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama esasynda notarial işini amala aşyrýan hususy notariuslardan (mundan beýläk — hususy notarius) we ygtyýarly wezipeli adamlardan ybarat bolan ulgamdyr.

2-nji madda. Notariatyň esasy wezipesi

Türkmenistanyň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek notariatyň esasy wezipesi bolup durýar.

3-nji madda. Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we notarial işini amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

4-nji madda. Notarial işi

1. Notarial işi — bu döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy (mundan beýläk — döwlet notariusy), hususy notarius (mundan beýläk — bilelikde ulanylanda notariuslar) we şu Kanuna laýyklykda notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen beýleki ygtyýarly wezipeli adamlar (ählisi bilelikde ulanylanda — notarial işini amala aşyrýan adamlar) tarapyndan şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagydyr.

2. Notarial işi telekeçilik işi däldir.

5-nji madda. Notarial işiniň esasy  ýörelgeleri

Türkmenistanda notarial işi kanunylyk, adalatlylyk, garaşsyzlyk we notarial hereketleriniň syryny saklamak ýörelgelerine esaslanýar.

6-njy madda. Notarial işi amala aşyrylanda kanunylyk 

Türkmenistanda notarial işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

7-nji madda. Notarial işi amala aşyrylanda adalatlylyk

1. Notarial işi ähli adamlar üçin olaryň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, deň şertlerde amala aşyrylýar.

2. Netijeleri özleri üçin emläk ýa-da gaýry şahsy bähbidi bolan notarial hereketleri amala aşyrmaga notarial işini amala aşyrýan adamlaryň hukugy ýokdur.

8-nji madda. Notarial işi amala aşyrylanda  garaşsyzlyk

1. Notarial işini amala aşyrýan adamlar üstlerine ýüklenilen borçlary ýerine ýetirenlerinde garaşsyzdyrlar we diňe Türkmenistanyň kanunlaryna tabyndyrlar.

2. Notarial işini amala aşyrýan adamlara ýüklenilen borçlar ýerine ýetirilende olara bikanun täsir edilmegine ýol berilmeýär we şeýle hereketleriň edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

9-njy madda. Notarial hereketleriň  syryny saklamak we  maglumatlary bermek

1. Fiziki we ýuridik şahslara olar babatda amala aşyrylan notarial hereketleriniň syrynyň saklanylmagy kepillendirilýär.

2. Notarial işini amala aşyrýan adamlar amala aşyran notarial hereketleriniň syrynyň saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

3. Amala aşyrylan notarial hereketleriniň syrynyň saklanylmagyny üpjün etmek notarial işini we zähmet gatnaşyklaryny bes eden adamlar üçin hem hökmany talapdyr.

Amala aşyrylan notarial hereketleriniň syryny saklamak borjy maslahatçylara, notariuslaryň tälim alyjylaryna, kömekçilerine, bu hereketler barada gulluk we wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly özlerine mälim bolan beýleki adamlara, şeýle hem notarial hereketleri amala aşyrylanda gatnaşan beýleki şahslara hem degişlidir.

4. Şu maglumatlar notarial syry bolup durmaýar:

1) ýatyrylan ynanç hatlar barada (tassyklanan we ýatyrylan wagty, ynanç hatyny tassyklan notariusyň familiýasy, ady, atasynyň ady, Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellige alnan tertip belgisi);

2) miras işiniň açylandygy barada (miras galdyryjynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, miras işini açan notariusyň familiýasy, ady, atasynyň ady, miras işiniň açylan wagty we belgisi).

5. Notarial işini amala aşyrýan adamlar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlar, diňe bu hereketler öz adyndan, öz adyna, öz tabşyrmagy boýunça ýa-da özi babatda amala aşyrylan, hukuk kabul edijilik tertibinde we eýeçilikdäki paýa bolan hukugy esasynda özlerine geçýän şahslara berilýär.

6. Notarial hereketleri barada maglumatlar we resminamalar önümçiliginde bolan işler boýunça kazyýetiň, prokuratura, anyklaýyş hem-de derňew edaralarynyň ýazmaça talap etmegi boýunça, şeýle hem şu Kanun bilen notariuslaryň işine gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarly edaralara ýa-da kanunçylykda bellenilen halatlarda beýleki edaralara berilýär.

7. Amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlar gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan döwlet bellige alyjysynyň ýazmaça ýa-da sanly ulgam arkaly talap etmegi boýunça berilýär.

8. Wesýetnama barada maglumatlar wesýet edijiniň diri wagtynda onuň özüne berilýär, wesýet ediji ölenden soň bolsa, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu maddanyň bäşinji, altynjy we ýedinji böleklerinde görkezilen şahslara we edaralara, şeýle hem wesýet edijiniň mirasdarlaryna berilýär.

9. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň berlendigi barada maglumatlar degişli salgyt edaralaryna berilýär.

Fiziki şahs — iş beriji ölen halatynda pensiýa gatançlary boýunça bergileriň tölenilmegi üçin miras işi bilen bagly maglumatlar Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň ýazmaça soramagy boýunça berilýär.

10. Şu maddanyň bäşinji-dokuzynjy böleklerinde göz öňünde tutulanlardan başgalara amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegi gadagan edilýär.

11. Amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlary aýan eden adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler, muňa şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen maglumatlar degişli däldir.

10-njy madda. Notarial hereketlerini amala  aşyrmaga bolan hukuk

1. Ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem şu Kanunda bellenilen halatlarda we çäklerde şular notarial hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukuga eýedirler:

1) döwlet notariuslary;

2) hususy notariuslar;

3) Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary;

4) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary;

5) şu Kanunyň 48-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukugy bolan ygtyýarly wezipeli adamlar.

Şu Kanunyň maksatlary üçin şu bölegiň 3 — 5-nji bentlerinde görkezilen wezipeli adamlar mundan beýläk ygtyýarly wezipeli adamlar diýlip atlandyrylýar.

2. Notarial hereketleri amala aşyrylanda notariuslaryň şu Kanuna laýyklykda hukuklary we borçlary bardyr.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukugy bolan adamlar tarapyndan ygtyýarlyklarynyň çäklerinde resmileşdirilen resminamalaryň birmeňzeş ýuridik güýji bardyr.

11-nji madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi

1. Notarial hereketleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Notarial hereketleri amala aşyrylanda notarial işini amala aşyrýan adamlar tarapyndan notarial nama — Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzülen, tassyklanan ýa-da şaýatlyk edilen ýazmaça resminama (notarial taýdan tassyklanan resminama) düzülýär.

12-nji madda. Notarial iş önümçiligi

1. Notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýan Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar. Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünleri ähli notarial işini amala aşyrýan adamlara degişlidir.

2. Notarial işini amala aşyrýan adamlar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri bilen baglanyşykly resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet arhiwine tabşyrylmaga degişlidir.

13-nji madda. Notarial iş önümçiliginiň dili

Notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar, notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijeleri boýunça berilýän resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.

14-nji madda. Notarial arhiwi

1. Notarial işiniň netijesinde emele gelýän resminamalary toplamak, hasaba almak, peýdalanmak we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen möhletleriň dowamynda abat saklamak üçin döwlet notarial edaralarynda hem-de notarial işini amala aşyrýan beýleki adamlar tarapyndan arhiwler, şeýle hem elektron arhiwler döredilýär.

2. Döwlet notarial edarasynyň notarial arhiwi şol döwlet notarial edarasynda ýa-da ýokarda durýan döwlet notarial edarasynda saklanýar. Hususy notariusyň notarial arhiwi hususy notariusyň edara jaýynda ýa-da onuň notarial işini amala aşyrýan dolandyryş-çäk birliginde hereket edýän döwlet notarial edarasynda saklanýar.

Notariuslar arhiwdäki resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün edýärler.

3. Resminamalary arhiwde saklamagyň möhleti tamamlanandan soňra, olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet arhiwine tabşyrylýar.

4. Arhiwde saklanýan resminama bilen bagly notarial hereketi kazyýetiň karary ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça ýatyrylan ýa-da bölekleýin ýatyrylan halatynda, şol notarial hereketi bilen bagly düzülen degişli resminamanyň asyl nusgasynda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bu barada bellik edilýär.

15-nji madda. Notariatyň bir bitewi  maglumat ulgamynyň esasy  düzgünleri

1. Notarial işi hakynda maglumatlary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň alnyp barylmagyny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak we maglumatlar babatda bilelikde hereket etmegiň (alyş-çalşyň) ähli görnüşlerini üpjün etmek üçin niýetlenilen elektron maglumat ulgamy döredilýär, ol notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy (mundan beýläk — Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy) bolup durýar.

2. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy Türkmenistanyň Adalat ministrligine degişlidir.

Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy döwlet notarial edarasyna ýa-da notariusa gönükdirilen elektron resminama dolanyşygyny almak üçin hem ulanylýar.

Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna amala aşyrylan notarial hereketler girizilmäge, şol sanda elektron görnüşindäki resminamalar goşulmaga degişlidir.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýerli edaralary notariuslaryň Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna goşulmagyny üpjün edýär.

Notariuslar tarapyndan Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna amala aşyrylan degişli notarial hereketleri bilen bagly maglumatlaryň girizilmegi notarial hereketleriň syrynyň aýan edilmegi bolmaýar.

3. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlary goramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlara ygtyýarly adamlar we Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamagy amala aşyrýan şahslar şol maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlary üçünji taraplara açmazlyga hem-de olary aýan etmezlige borçludyrlar, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlar girmeýär.

Görkezilen maglumatlaryň aýan edilmegi ýa-da bikanun peýdalanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

4. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň döredilmegi we hereket etmegi, şeýle hem onuň kämilleşdirilmegi bilen bagly geçirilýän işler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Hususy notariuslar bu ulgama birikmäge hem-de oňa amala aşyran notarial hereketlerini girizmäge borçludyrlar. Hususy notariuslaryň bu ulgama birikmegi olaryň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

5. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň hereket etmeginiň, ondan peýdalanmagyň, şeýle hem onda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler baradaky maglumatlar Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna girizilmäge degişlidir.

16-njy madda. Notariatyň bir bitewi  maglumat ulgamyna  maglumatlaryň girizilmegi

1. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna maglumatlaryň girizilmegi notariuslar tarapyndan amala aşyrylýar.

Notariuslar şu görkezilen maglumatlary Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna girizmäge borçludyrlar:

1) notarial hereketleriň amala aşyrylandygy barada maglumat, haçan-da olar Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda ýöredilýän notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellige alnan halatynda.

Tassyklanan wesýetnamanyň ýa-da ynanç hatynyň ýatyrylan halatynda, bu barada Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda ýöredilýän notarial hereketlerini bellige almagyň sanawyna girizilmäge degişlidir.

2) miras işini açmak üçin esas bolup durýan arzalaryň gelip gowşan halatynda miras işiniň açylandygy barada maglumat;

3) gozgalmaýan emlägi girewe goýmak hakynda habarlar barada, olar gozgalmaýan emlägi girewe goýmak hakynda habarlaryň sanawynda bellige alnan mahalynda;

4) notarial işine degişli bolan maglumat beriş we seljerme häsiýetli maglumatlary;

5) şu Kanuna, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ýa-da Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugyna laýyklykda girizilmäge degişli edilen beýleki maglumatlary.

2. Amala aşyrylan notarial hereketler barada maglumatlar notarius tarapyndan haýal etmän Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna girizilýär.

3. Mirasyň ýüze çykanlygy barada maglumatlar notarius tarapyndan degişli arzalar gelip gowşandan soňky iş gününden gijä galman, Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň açylan miras işleriniň sanawyna girizilýär.

17-nji madda. Notariatyň bir bitewi  maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlaryň  berilmegi

1. Notariuslar maglumat-telekommunikasiýa toruny ulanmak bilen şahslaryň Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynda saklanylýan şu aşakdaky maglumatlara göni girişi üpjün edýärler:

1) ynanç hatlary barada maglumatlara (tassyklanan we ýatyrylan wagty, ynanç hatyny tassyklan notariusyň familiýasy, ady, atasynyň ady, Sanawda bellige alnan tertip belgisi barada, eger ynanç hatynyň ýatyrylan halatynda, ynanç hatynyň ýatyrylandygy barada şol sanawa maglumatlaryň girizilen senesi we wagty barada maglumatlar);

2) kanunda bellenilen halatlarda gozgalmaýan emläge gadaganlyk girizilendigi barada maglumatlara;

3) açylan miras işleri barada maglumatlara.

2. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda saklanýan we notarial hereketleri amala aşyrmak ýa-da notarial taýdan resmileşdirilen resminamanyň hakykylygyny barlamak üçin zerur bolan maglumatlar Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň üsti bilen notariuslara, olaryň ýüz tutmalary boýunça haýal etmän elektron görnüşinde berilýär.

18-nji madda. Notariatyň bir bitewi  maglumat ulgamyna maglumatlary  girizmek üçin tehniki  şertleriň üpjün edilmegi

Döwlet notarial edaralary, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumatlary notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna öz wagtynda girizilmegi üçin tehniki şertleri üpjün etmäge borçludyrlar.

II BAP. NOTARIUSYŇ HUKUK ÝAGDAÝY

19-njy madda. Döwlet notariusy

1. Ýokary hukuk bilimi bolan, döwlet notarial edarasynda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty döwlet notariusy bolup biler.

2. Öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan, şeýle hem bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar, şeýle hem notarial hereketleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berenligi sebäpli, döwlet notariusy wezipesinden boşadylan adamlar döwlet notariusy bolup bilmezler.

3. Döwlet notariusy wezipesine dalaşgäriň şahsy we iş sypatlary boýunça bu wezipä laýyk gelýänliginden ugur alynmalydyr, şunda adwokatyň, hukuk goraýjy edaralaryň ýa-da beýleki ýuridik şahslaryň ýuridik gulluklarynyň işgärleriniň iş tejribesi hasaba alynýar.

4. Döwlet notariusyny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak Türkmenistanyň adalat ministri tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Döwlet notariusy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde wezipäni eýeleýän döwlet gullukçysy bolup durýar.

6. Döwlet notariuslary tarapyndan notarial işini amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy bilen notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

7. Döwlet notariusy tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolunýar.

20-nji madda. Hususy notarius

1. Ýokary hukuk bilimi bolan, hukuk hünäri boýunça azyndan 2 ýyl üznüksiz iş döwri bolan, notariusda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty hususy notarius bolup biler.

2. Hususy notariusyň notarial işini amala aşyrmak üçin Notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamasy (mundan beýläk — Notariusyň ygtyýarnamasy ýa-da ygtyýarnama) bolmalydyr.

3. Öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan, şeýle hem bellenen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar, şeýle hem notarial hereketleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berenligi sebäpli, notariusyň wezipesinden boşadylan adamlar hususy notarius bolup bilmezler.

4. Hususy notarius wezipesine dalaşgäriň şahsy we iş sypatlary boýunça bu wezipä laýyk gelýändiginden ugur alynmalydyr, şunda adwokatyň, hukuk goraýjy edaralaryň ýa-da beýleki ýuridik şahslaryň ýuridik gulluklarynyň işgärleriniň iş tejribesi hasaba alynýar.

5. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde Ygtyýarnamalylaryň maglumat binýadynda hasaba alnan notariusyň ygtyýarnamasy esasynda notarial işini amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty hususy notarius diýlip ykrar edilýär.

6. Hususy notarius Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň banklarynda hasaplaşyk, depozit we beýleki hasaplary açmaga, iş beriji hökmünde kömekçileri we işgärleri işe kabul etmäge, zerur bolan işgärleriň sanyny kesgitlemäge, notarial hereketleri amala aşyrmakdan alnan girdejilere ygtyýar etmäge, kazyýetde öz adyndan çykyş etmäge we kanunçylyga garşy gelmeýän beýleki hereketleri etmäge haklydyr.

7. Hususy notariusyň notarial hereketlerini amala aşyrmagyň syryny saklamak we notarial iş önümçiliginiň goraglylygyny üpjün etmek şertleriniň berjaý edilmegi üçin edara jaýynyň bolmagy hökmanydyr. Bir edara jaýynda bir ýa-da birnäçe hususy notariuslar işläp bilerler.

Hususy notariusyň edara jaýy onuň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnan ýeri bolup durýar.

Hususy notariusyň arzasy esasynda onuň ýuridik salgysynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgändigi barada Ygtyýarnamalylaryň maglumat binýadynda bellik edilýär.

Hususy notarius tarapyndan otuz senenama gününiň dowamynda edara jaýynyň ýerleşýän ýeriniň üýtgänligi barada, şeýle hem onuň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan ýeri üýtgände, Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar berilmezligi ygtyýarnamanyň togtadylmagyna getirýär.

8. Hususy notarius tarapyndan şu Kanunyň we bu işi düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň bozulmagy bilen notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

9. Hususy notarius tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi şu Kanunyň 37-nji maddasynda göz öňünde tutulan hususy notariusyň hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibe laýyklykda dolunýar.

10. Hususy notariusyň notarial işini amala aşyrmak üçin, hakyna tutma zähmeti ulanmaga hukugy bardyr. Şunda ygtyýarnama esasynda notarial işi diňe hususy notarius tarapyndan amala aşyrylýar we notarial işini amala aşyrmak üçin üçünji şahslaryň hakyna tutma zähmetini ulanmaga hukuk bermeýär.

Hususy notariusyň işini üpjün edýän işgärleriň hukuk ýagdaýy şu Kanun, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy we zähmet şertnamasy bilen kesgitlenilýär.

21-nji madda. Notariusyň kömekçisi

1. Türkmenistanyň raýatlary notariusyň kömekçileri bolup bilerler.

Şu Kanunyň 19-njy maddasynyň ikinji böleginde we 20-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen adamlar notariusyň kömekçisi bolup bilmezler.

2. Döwlet notariusynyň kömekçisi welaýat we welaýat hukukly şäher döwlet notarial edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan işe kabul edilýär.

Hususy notariusyň kömekçisiniň işe kabul edilmegi notariusyň özi tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Notariuslaryň kömekçileriniň hukuklary, borçlary we iş şertleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Kömekçiler notariusyň görkezmesi we jogapkärçiligi astynda tabşyryklary ýerine ýetirýärler, olar notarial hereketlerini amala aşyryp bilmezler we olaryň işi kömekçi häsiýete eýedir.

Notariuslaryň kömekçileriniň notariusyň tabşyrmagy boýunça notarial hereketiniň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga, geleşikleriň, arzalaryň we beýleki resminamalaryň taslamalaryny düzmäge, resminamalaryň nusgalaryny we olardan göçürmeleri, öwezlikleri taýýarlamaga hukugy bardyr.

22-nji madda. Notariusyň tälim alyjysy

1. Notariusyň tälim alyjysynyň hukuklary, borçlary we iş şertleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

2. Ýokary hukuk bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary notariusyň tälim alyjysy bolup biler. Notariusyň tälim alyjylygyna kabul etmek üçin dalaşgärleri seçip almak olaryň şahsy we iş sypatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Tälim alyjylar döwlet notarial edarasynda ýa-da hususy notariusda tälim almagy geçýärler.

Döwlet notariusynyň tälim alyjysy Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen bellenilýär. Döwlet notariusynyň tälim alyjysynyň zähmet haky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

Hususy notariusyň tälim alyjysy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýerli edarasy bilen tälim almagy geçmek barada baglaşylan ylalaşygyň esasynda döwlet notarial edarasynda ýa-da hususy notariusda tälim almagy geçýär.

Tälim almagy geçmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

3. Notariuslaryň görkezmesi boýunça tälim alyjy olaryň jogapkärçiliginde tabşyryklary ýerine ýetirýärler, olar notarial hereketlerini amala aşyryp bilmezler we olaryň işi kömekçi häsiýete eýedir.

4. Tälim almagyň maksady tälim alyjynyň notarial hereketlerini amala aşyrmak we notariuslaryň işini guramak boýunça hünärleýin bilimleri we tejribe endiklerini almagy bolup durýar.

5. Bir notariusda şol bir wagtda ikiden köp tälim alyjy tälim almagy geçip bilmez.

6. Tälim almagy geçmek Tälim almagy geçmegiň tertibine laýyklykda hem-de Notariusyň tälim alyjysynyň hünär taýdan taýýarlamagyň ýeke-täk maksatnamasy boýunça amala aşyrylýar.

Tälim alyjylary hünär taýdan taýýarlamagyň ýeke-täk maksatnamasy (mundan beýläk — tälim almagyň maksatnamasy) ähli tälim alyjylar üçin hökmanydyr we notariuslaryň özüni alyp barmagynyň hünärleýin we etiki kadalaryny öwrenmegi, notariuslar üçin ýa-da tälim alyjylar üçin ýörite guralýan okuw maslahatlaryna gatnaşmagy hem goşmak bilen, tälim alyjynyň ýörite nazary bilimleri, notarial hereketlerini amala aşyrmak we notariusyň işini guramak boýunça tejribe endiklerini almagyna gönükdirilen çäreleriň sanawyny özünde jemlemelidir.

7. Tälim almak tamamlanandan soň tälim alyja ýolbaşçylyk eden notarius netijenama taýýarlaýar, onda tälim alyjynyň tälim almagyň maksatnamasyny ýerine ýetirişi beýan edilýär. Tälim almagyň maksatnamasynyň tälim alyjy tarapyndan möhletinden öň doly özleşdirilen halatynda, onuň tälim almagy geçmeginiň möhleti üç aýa çenli gysgaldylyp bilner.

Tälim alyjy tarapyndan tälim almagyň maksatnamasynyň doly özleşdirilmedik halatynda, oňa goşmaça üç aýa çenli wagt berilýär.

Tälim almagyň maksatnamasynyň doly özleşdirilmegi tälim almagy geçmegiň hökmany şerti bolup durýar.

Döwlet notariusynyň tälim alyjysy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň hünär synagyndan geçenden soň döwlet notariusy wezipesine bellenilýär.

Hususy notariusyň tälim alyjysyna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň (mundan beýläk — Topar) hünär synagyndan geçenden soň, oňa hususy notarius hökmünde notariusyň ygtyýarnamasy esasynda notarial işini amala aşyrmaga hukuk berilýär.

8. Döwlet notariusy bolup işlän ýa-da ýokary hukuk bilimi bolan notariusyň kömekçisi bolup, bäş ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan adamlar, tälim almagy geçmezden hünär synagyny tabşyrmak bilen, notariusyň ygtyýarnamasyny almaga haklydyrlar, muňa Türkmenistanyň kanunçylygyny bozandygy üçin eýeleýän wezipesinden boşadylanlar girmeýär.

9. Hususy notariuslaryň sany, şol sanda tälim alyjylaryň sany Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

10. Notariuslaryň tälim alyjylarynyň mugallymçylyk, ylmy ýa-da döredijilik işinden başga hak tölenýän iş bilen meşgullanmaga hukugy ýokdur.

23-nji madda. Notariuslaryň hukuklary

Notariuslaryň şulara hukugy bardyr:

1) ýüz tutan fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketlerini amala aşyrmaga;

2) geleşikleriň, arzalaryň we beýleki resminamalaryň taslamalaryny düzmäge;

3) resminamalaryň nusgalaryny we olardan göçürmeleri taýýarlamaga;

4) notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlaryny bermäge;

5) notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin töleg almaga;

6) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan goralýan syrlary düzýän maglumatlary aýan etmezlik şerti bilen, notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary şahslardan talap etmäge, şol sanda sanly ulgam arkaly almaga, şeýle hem hünärmenleri çekmäge;

7) şahslaryň ýüztutmasy boýunça amala aşyrylan notarial hereketleri bilen bagly resminamalary degişli şahslara bermäge (ibermäge);

8) sanly ulgam arkaly gozgalmaýan emläge bolan hukugy döwlet belligine almak hakynda arzalary we beýleki resminamalary bermäge hem-de almaga;

9) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işi bilen meşgullanmaga.

24-nji madda. Notariuslaryň borçlary

1. Notariuslar şulara borçludyr:

1) şu Kanuna we kabul eden Kasamyna laýyklykda öz hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge;

2) hünär etikasyny berjaý etmäge;

3) şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda notarial hereketlerini amala aşyrmaga;

4) fiziki we ýuridik şahslara hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin ýardam etmäge, olara hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge;

5) amala aşyrylýan notarial hereketleriň hukuk netijeleri barada ýüz tutan şahslara duýdurmaga;

6) notarial işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly özlerine mälim bolan maglumatlaryň syryny saklamaga;

7) öz hereketlerine şikaýatlar boýunça ol şikaýatlara seredýän degişli edaralara amala aşyrylan notarial hereketler barada maglumatlary, gaýry resminamalary, şahsy düşündirişlerini bermäge;

8) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan maglumatlary bermäge;

9) miras tertibinde raýatlaryň eýeçiligine geçýän emläk barada degişli salgyt edaralaryna habar bermäge;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz döndermäge;

11) notariusyň ygtyýarnamasyny alan hünär jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga;

12) hususy notariuslaryň ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini berjaý etmäge;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde notarial hereketleri barada maglumatlaryň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna berilmegi notarial hereketleriň syrynyň aýan edilmegi bolmaýar.

25-nji madda. Notariuslaryň iş çägi

1. Notariuslaryň iş çägi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinde kesgitlenilýär.

2. Notariuslaryň edara jaýy şu maddada göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen iş çäginde ýerleşmelidir. Notariuslaryň iş çäginiň daşynda edara jaýyny ýerleşdirmäge haky ýokdur.

3. Notariuslaryň iş çägi şu Kanunyň 29-njy, 71-nji, 79-njy, 86-njy, 91-93-nji we 115-nji maddalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketler amala aşyrylanda berjaý edilýär. Görkezilen maddalarda göz öňünde tutulan notarial hereketleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan başga döwlet notarial edarasynyň ýa-da hususy notariusyň üstüne ýüklenilip bilner. Ähli beýleki halatlarda notarial hereketleriň amala aşyrylmagy üçin fiziki we ýuridik şahslar islendik notariuslara ýüz tutmaga haklydyrlar.

26-njy madda. Notariusyň Kasamy we  Notariuslaryň hünär  etikasynyň kadalary

1. Notariuslar dabaraly ýagdaýda şu mazmunly Kasamy kabul edýärler:

«Men, (familiýasy, ady, atasynyň ady), notariusyň borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogry we päk ýürekden, ynsap bilen ýerine ýetirmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini, döwletiň bähbitlerini hormatlamaga we goramaga, notarial hereketleriň syryny saklamaga, hemişe we hemme ýerde notariusyň belent adynyň arassalygyny saklamaga we oňa mynasyp bolmaga dabaraly kasam edýärin.».

2. Notarius Kasamyň ýazgysynyň aşagyna gol çekýär we ol notariusyň şahsy jildinde saklanýar.

3. Kasamy kabul etmedik adam Notariusyň borçlaryny ýerine ýetirip bilmez.

4. Notariuslar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny we hünär etikasynyň kadalaryny berjaý etmelidirler.

Notariusyň hünär etikasy — notariuslar tarapyndan hünär borçlary ýerine ýetirilende, şol sanda müşderiler, işdeşleri, döwlet edaralarynyň we gaýry guramalaryň wekilleri bilen özara gatnaşyklarda, oňa bildirilýän talaplary kesgitleýän kadalaryň jemidir.

5. Notariusyň Kasamyny kabul etmegiň tertibi, Notariuslaryň hünär etikasynyň kadalary Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

27-nji madda. Notariuslaryň möhüri,  möhürçeleri we blanklary

1. Döwlet notariusynyň döwlet notarial edarasynyň ady, döwlet notariusyna berlen san belgisi görkezilen we Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen möhüri, şeýle hem möhürçeleri we notarial hereketi amala aşyrmak üçin blanklary (sanly elektron goly) (mundan beýläk — notarial blanky) bolýar.

Hususy notariusyň familiýasy, ady, atasynyň ady, notariusyň ygtyýarnamasynyň belgisi, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen möhüri, şeýle hem möhürçeleri, notarial blanklary we resmi blanklary (sanly elektron goly) bolýar.

2. Notariuslaryň möhüri, möhürçeleri, notarial blanklary we resmi blanklary Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan ýeke-täk nusga boýunça taýýarlanýar. Notariuslaryň möhrüniň basylan yzlary we golunyň (elektron sanly golunyň) nusgalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hem-de degişli döwlet notarial edarasynda we adalat bölümlerinde saklanýar.

3. Notarial blanklary çaphana usuly bilen taýýarlanýar we berk hasabatlylyk resminamalara degişli bolup durýar.

4. Döwlet notarial edaralarynyň möhürleri, möhürçeleri we notarial blanklary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýa-da onuň ýerlerdäki edaralarynyň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna taýýarlanylýar.

Hususy notariuslaryň möhürleri, möhürçeleri, notarial blanklary we resmi blanklary hususy notariuslaryň öz serişdeleriniň hasabyna taýýarlanylýar.

5. Notarial işini bes eden döwlet notariuslary möhürini, möhürçelerini we notarial blanklaryny öz degişli edarasyna tabşyrýarlar.

Notarial işini bes eden hususy notariuslar möhürini, möhürçelerini we notarial blanklaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýerli edaralaryna tabşyrmaga borçludyrlar. Notariusyň möhüri we möhürçeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýok edilýär.

28-nji madda. Notariuslaryň borçlaryny  ýerine ýetirmegi bilen bagly  çäklendirmeler

Notariuslaryň şulara hukugy ýokdur:

1) özüniň ýa-da ynanylan wekiliniň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

2) mugallymçylyk, ylmy ýa-da döredijilik işinden başga hak tölenýän iş bilen meşgullanmaga;

3) şertnamalar baglaşylanda, üýtgedilende we ýatyrylanda araçylyk hyzmatlaryny etmäge;

4) maddy bähbitleri almak maksady bilen, gulluk ygtyýarlyklaryny esassyz peýdalanmak arkaly fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň maddy bähbitleriniň kanagatlandyrylmagyna ýardam etmäge;

5) wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almaga;

6) amala aşyrýan notarial hereketlerine degişli bolmadyk resminamalary fiziki we ýuridik şahslardan talap etmäge.

29-njy madda. Notarial hereketleri amala  aşyrmak bilen bagly  çäklendirmeler

1. Notariuslaryň we notarial işini amala aşyrýan adamlaryň öz adyna we öz adyndan, öz äriniň (aýalynyň), özüniň we äriniň (aýalynyň) ýakyn garyndaşlarynyň adyna we olaryň adyndan, degişli notariuslar we notarial işini amala aşyrýan adamlaryň işgärleriniň adyna we olaryň adyndan, şeýle hem degişli notarial edarasynyň we notarial işini amala aşyrýan adamlaryň edarasynyň adyna we olaryň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukugy ýokdur.

2. Şu Kanunyň 48-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarly wezipeli adamlaryň öz adyna we öz adyndan, öz äriniň (aýalynyň), onuň we özüniň ýakyn garyndaşlarynyň adyna we olaryň adyndan, degişli edaralaryň işgärleriniň adyna we olaryň adyndan wesýetnamalary, ynanç hatlaryny tassyklamaga we arzalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmäge haky ýokdur.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen ýakyn garyndaşlara ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar degişlidir.

4. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen halatlarda notarial hereketleri beýleki notariuslar we ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Notarial hereketleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, anyk notariuslar tarapyndan amala aşyrylmaly bolan halatynda, notarial hereketleriniň amala aşyrylýan ýeri Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Şu maddada bellenilen düzgünleriň bozulmagy bilen amala aşyrylan notarial hereketleri hakyky däldir.

30-njy madda. Notariusyň, ygtyýarly wezipeli  adamyň jogapkärçiligi

Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar bikanun hereketleri amala aşyran halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

III BAP. NOTARIAL IŞI AMALA AŞYRMAGA HUKUK BERÝÄN YGTYÝARNAMA

31-nji madda. Notariusyň ygtyýarnamasy 

1. Notariusyň ygtyýarnamasy — bu hususy notariusa notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukuk berýän ýörite rugsatnamadyr.

2. Hususy notariusyň işi hünärmenlik hyzmaty bolmak bilen, Notariusyň ygtyýarnamasy möhletsiz berilýär.

Ygtyýarnama alan pursadyndan başlap üç aýyň dowamynda hususy notarius Türkmenistanyň Adalat ministrligine möhrüniň, möhürçeleriniň taýýarlanylandygy, olaryň nusgalaryny goşmak bilen we notarial blanklaryň sargytnamasynyň berlendigi barada maglumatlary we hünär jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň nusgasyny bermelidir hem-de Notariatyň bir bitewi maglumatlar ulgamyna goşulmalydyr.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrligi notarial işini ygtyýarlylandyrmakda ygtyýarly edara bolup, Notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyny ýöredýär.

4. Notarial işi ygtyýarlylandyrmagyň düzgünleri we notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamanyň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Hukuk işini ygtyýarlylandyrmak hakynda düzgünnamada bellenilýär.

5. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan ygtyýarnamany bermek, ony bermekden ýüz öwürmek, ygtyýarnama üýtgetme we goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, möhletinden öň bes etmek we ony ýatyrmak, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

32-nji madda. Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synagy

1. Notarial işi bilen meşgullanmak isleýän fiziki şahsyň degişli bilimini, hünäre bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelýändigini, şeýle hem hünär derejesini barlamak üçin hünär synagy geçirilýär. Hünär synagyny tabşyrmak notarial işini amala aşyrmaly şahs üçin hökmany şert bolup durýar.

2. Hünär synagy Hukuk işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synagyny geçirmegiň tertibine laýyklykda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döredilen Topar tarapyndan geçirilýär.

3. Topar tarapyndan hünär synagyny geçirmegiň tertibi, Toparyň düzümi we onuň işiniň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

4. Hünär synagyny geçip bilmedik fiziki şahs alty aýdan az bolmadyk döwürden soň hünär synagyny gaýtadan geçmek üçin ýüz tutup biler.

33-nji madda. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketini togtatmak

1. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketini togtatmak Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň çözgüdi bilen amala aşyrylýar.

2. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketi şu halatlarda togtadylýar:

1) notariusyň ygtyýarnamasyny ýatyrmak boýunça hak isleýiş önümçiliginiň gozgalmagy;

2) jenaýat işi boýunça notariusyň aýyplanýan hökmünde jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi;

3) hususy notariusyň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan ýeri ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän mahalynda ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arzanyň berilmezligi;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy;

5) hususy notarius tarapyndan şu Kanunda kesgitlenilen iş çäginiň bozulmagy;

6) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnanda görkezilen salgy boýunça edara jaýynyň hakykatda ýoklugy;

7) şu Kanunyň 28-nji we 29-njy maddalarynda göz öňünde tutulan çäklendirmeleriň berjaý edilmezligi;

8) amala aşyrylan notarial hereketleri barada esassyz yzygiderli hasabat berilmezligi;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki halatlarda.

3. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketini togtatmak hakyndaky çözgütde notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketini togtatmagyň sebäpleri we möhleti görkezilmelidir. Şeýle çözgüt hususy notariusyň dykgatyna ýetirilen gününden notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketi togtadylýar. Togtatmaga sebäp bolan ýagdaýlar aradan aýrylanda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketini dikeltmek barada Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan çözgüt çykarylýar.

4. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketiniň togtadylmagy bilen hususy notariusa notarial hereketlerini amala aşyrmak gadagan edilýär we şol döwürde ol ygtyýarnamany we möhrüni Türkmenistanyň Adalat ministrligine ýa-da degişli adalat bölümine saklamak üçin tabşyrýar.

5. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketi togtadylan halatynda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýa-da degişli adalat bölümleri bu hususy notariusyň önümçiliginde seredilmäge degişli bolan resminamalary Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan tertipde şol çäkde ýerleşýän döwlet notarial edarasyna ýa-da başga notariusa geçirmek boýunça çäreler görýär.

6. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketiniň togtadylmagy barada çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.

34-nji madda. Notariusyň ygtyýarnamasyny  ýatyrmak

1. Notariusyň ygtyýarnamasy şu aşakdaky esaslar boýunça Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan ýatyrylyp bilner:

1) notarial hereketleri amala aşyrylanda hususy notarius tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň yzygiderli bozulmagy ýa-da şonuň netijesinde döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerine zyýan ýetirilmegi;

2) notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketiniň togtadylmagyna getiren sebäpleriň aradan aýrylmazlygy;

3) notariusyň ygtyýarnamasyny bermäge esas bolan resminamalarda doly däl we nädogry ýa-da şübheli maglumatlaryň hususy notarius tarapyndan berlendiginiň ýüze çykarylmagy.

2. Ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze çykarylan halatynda, ol kazyýetiň karary bilen ýatyrylyp bilner.

35-nji madda. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketini bes etmek 

1. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bes edilýär.

2. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketi bes edilende, ygtyýarnama Türkmenistanyň Adalat ministrligine tabşyrylýar.

3. Notariusyň ygtyýarnamasynyň hereketi bes edilende, hususy notariusyň önümçiliginde bolan resminamalar Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýerli edarasy tarapyndan şol çäkde ýerleşýän döwlet notarial edarasyna tabşyrylýar.

36-njy madda. Notariuslaryň zerur bolan  sanyny kesgitlemek

Notariuslaryň sany hereketleriň sanyndan, ilat sanyndan hem-de döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerden ugur alnyp kesgitlenilýär.

Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar. Agzalan tertip bilen notariuslaryň ätiýaçdaky goruny döretmegiň we boş iş orunlaryny dolmagyň düzgünleri hem kesgitlenilýär.

37-nji madda. Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň  ätiýaçlandyrylyşy

1. Hususy notarius notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijesinde üçünji taraplara ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykýan hünär jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga borçludyr we hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bolmasa notarial hereketleri amala aşyrmaga onuň hukugy ýokdur.

2. Ätiýaçlandyryş halatynyň (notarial hereketlerini amala aşyrmagyň) netijesinde üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirilen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdaryň bir müň essesi möçberinden az bolmaly däldir. Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş kadalary ätiýaçlandyryjy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.

IV BAP. NOTARIAL IŞINI MALIÝELEŞDIRMEK. NOTARIAL HEREKETLER WE HYZMATLAR ÜÇIN TÖLEG

38-nji madda. Notariusyň işini  maliýeleşdirmek

Döwlet notarial edaralary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna we notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlaryny bermekden, resminamalardan göçürmeleri taýýarlamakdan we beýleki hukuk ýa-da tehniki hyzmatlary etmekden alnan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Hususy notarius tarapyndan notarial hereketleri amala aşyrylanlygy üçin alnan töleglerden, şeýle hem notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlaryny bermekden, resminamalardan göçürmeleri taýýarlamakdan we beýleki hukuk ýa-da tehniki hyzmatlary etmekden alnan serişdelerden salgytlar we gaýry tölegler tölenenden soň, hususy notariusyň ygtyýarynda galan pul serişdeleri hususy notariusyň işini maliýeleşdirmegiň çeşmesi bolup durýar.

39-njy madda. Notarial hereketleri we  edilen hyzmatlar üçin  tölegler

1. Döwlet notariuslary, Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde döwlet pajy alynýar. Döwlet pajynyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwlet pajyny hasaplamak üçin bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, göterim möçberinde kesgitlenýär.

Döwlet notariuslary, Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary her bir notarial taýdan tassyklanan resminamada döwlet pajynyň möçberini görkezýärler.

Döwlet notariuslary, Geňeşiň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, göterim möçberinde kesgitlenýär.

Notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberi we olary almagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

2. Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin, notarial hereketler bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler alynýar. Alnan töleg her bir notarial taýdan tassyklanan resminamada görkezilýär.

Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin alynýan tölegleriň möçberi we olary almagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Notarial tölegleriň möçberi zerurlygyna görä täzeden seredilip bilner.

3. Gyzyklanýan şahsyň soramagy boýunça notariuslaryň ýa-da Geňeşiň edara jaýlarynyň daşynda amala aşyrylan notarial hereketleri üçin bellenilen döwlet pajy ýa-da töleg iki esse möçberde tölenýär we mundan başga-da, gyzyklanýan şahslar şol hereketleri amala aşyrmak üçin gidip-gelmek bilen bagly edilen hakyky çykdajylary hem tölemelidirler.

4. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleriň amala aşyrylandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda konsullyk ýygymy, şeýle hem notarial hereketlerini amala aşyrmak bilen bagly hakyky çykdajylaryň öwezini dolmagyň hasabyna tölegler alynýar.

V BAP. NOTARIAL IŞINE GÖZEGÇILIK

40-njy madda. Notariuslaryň işine  gözegçilik

1. Amala aşyrylýan notarial hereketleriň kanunylygyna we notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünleriniň we ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi amala aşyrýar.

2. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi salgyt edaralary amala aşyrýar.

3. Notariuslar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik Türkmenistanyň Adalat ministrligi we ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň işine gözegçilik edýän edaralaryň wezipeli adamlarynyň olaryň borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen gatnaşygy bolan maglumatlar we resminamalar, amala aşyrylýan (amala aşyrylan) notarial hereketleri, fiziki we ýuridik şahslar bilen hasaplaşyklar, şeýle hem beýleki zerur resminamalar bilen tanyşmaga hukugy bardyr.

5. Notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň işine gözegçilik edýän edaralaryň wezipeli adamlary olaryň işini barlan wagtynda özüne mälim bolan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň syryny saklamaga borçludyrlar. Syryň aýan edilmegi we ýetirilen zyýan üçin bu adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

41-nji madda. Notariat we notarial işi bilen  bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça  Türkmenistanyň Adalat  ministrliginiň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Adalat ministrligi:

1) notariuslaryň ilata hukuk hyzmatyny etmek çygrynda kanunylygy üpjün etmek we guramak boýunça işine ýolbaşçylygy, utgaşdyrmagy we gözegçilik etmegi amala aşyrýar;

2) notarial işi we notarial hereketleri amala aşyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we olary tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;

3) ygtyýarlylygynyň çäklerinde notarial işi we notarial hereketleri amala aşyrmak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

4) notarial hereketleri bilen bagly arzalaryň, resminamalaryň hem-de beýleki maglumatlaryň görnüşlerini tassyklaýar;

5) notarial işiniň meseleleri boýunça usulyýet gollanmalaryny we düşündiriş hatlaryny işläp taýýarlaýar we neşir edýär;

6) notarial hereketlerini bellige almagyň sanawyny; notarial iş önümçiliginiň kitaplarynyň görnüşlerini; notarial hereketleri bilen bagly şertnamalaryň, ylalaşyklaryň, şahadatnamalaryň, şaýatlyk edilýän resminamalaryň, tassyklaýjy ýazgylaryň we beýleki notarial namalarynyň görnüşlerini, şeýle hem notarial blanklarynyň, möhürleriniň we möhürçeleriniň, resmi kagyzlaryň ýeke-täk görnüşlerini, notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin blanklary ulanmagyň we olaryň hasabyny ýöretmegiň tertibini işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar;

7) ygtyýarlylygynyň çäklerinde şu Kanuna laýyklykda notarial işini düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;

8) notariuslaryň hünär synagyny geçirýär;

9) bellenilen tertipde notariuslary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek meselelerine seredýär;

10) notariuslar tarapyndan notarial hereketleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine barlaglary geçirýär;

11) notarial işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrýar;

12) ygtyýarlylandyryjy edara hökmünde ygtyýarlylandyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlyklary amala aşyrýar;

13) şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

VI BAP. NOTARIAL IŞINIŇ GURALYŞY

42-nji madda. Döwlet notarial edaralarynyň  işiniň guralyşy

1. Döwlet notarial edaralary döwlet notariuslarynyň notarial işini amala aşyrmaklarynyň guramaçylyk görnüşi bolup durýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi döwlet notarial edaralaryny döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar, olaryň Düzgünnamalaryny tassyklaýar, işiniň tertibini kesgitleýär hem-de olaryň işine ýolbaşçylyk edýär.

Döwlet notarial edaralarynyň düzümi we işgärleriniň sany bellenilen tertipde Türkmenistanyň adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

2. Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň merkezi bolan şäherlerde (etrapda) döwlet notarial edaralarynyň biri birinji döwlet notarial edarasy hökmünde döredilýär.

Birinji döwlet notarial edarasy notarial hereketlerini amala aşyrmak bilen bir hatarda, degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň döwlet notarial edaralaryna usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar, döwlet notariuslarynyň işini utgaşdyrýar, döwlet notariuslarynyň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär, döwlet häkimiýet edaralarynda döwlet notariuslarynyň bähbitlerini goraýar we olara wekilçilik edýär, notariatyň we notarial işiniň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýar, notarial arhiwinde saklanýan notarial resminamalaryň öwezliklerini, nusgalaryny we olardan göçürmeleri berýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan birinji döwlet notarial edarasyna has çylşyrymly notarial hereketleriň amala aşyrylmagy ýüklenilip bilner.

3. Döwlet notarial edarasy ýuridik şahs bolup durýar, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhüri, şeýle hem möhürçeleri we blanklary bardyr.

Welaýat hukukly şäher we welaýat merkezi bolan şäher (etrap) döwlet notarial edarasyna müdir ýa-da uly döwlet notariusy ýolbaşçylyk edýär. Döwlet notarial edarasynyň müdirine döwlet notarial edarasynda üç ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan döwlet notariusy ýa-da adalat edaralaryň ulgamynda bäş ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan we notariusyň işi bilen bagly ýolbaşçylyk ýa-da gözegçilik eden işgär bellenip bilner.

Birden köp notariusy bolan döwlet notarial edaralaryna Türkmenistanyň adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan uly döwlet notariusy ýolbaşçylyk edýär.

Döwlet notarial edarasynda bir döwlet notariusy hereket eden halatynda, ol uly döwlet notariusynyň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar.

4. Döwlet notarial edaralarynda işleýän döwlet notariuslaryna, maslahatçylaryna hünär derejeleri Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleri üçin bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda berilýär.

5. Döwlet notarial edaralary, olaryň ýerleşýän çägi boýunça edara jaýlary bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan üpjün edilýär.

Döwlet notarial edaralarynyň işgärleri gulluk bilen baglanyşykly başga ýere işe geçirilen halatynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan gulluk ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär.

6. Döwlet notarial edaralary statistika we maliýe hasabatlylygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýöredýär we notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy, döwlet paçlaryny we beýleki tölegleri tutup almak bilen bagly hasabatlary Türkmenistanyň Adalat ministrligine we beýleki degişli döwlet edaralaryna berýär.

43-nji madda. Türkmenistanyň Notariuslarynyň birleşmesi

1. Hususy notariuslaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Notariuslarynyň birleşmesini (mundan beýläk — Birleşme) döretmäge hukugy bardyr.

Birleşme öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga, Türkmenistanda notarial işiniň ösmegine goldaw bermäge hyzmat edýän jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.

Birleşme hususy notariuslaryň işini guramak üçin döredilýän ýuridik şahs bolup, wezipesi peýda almak maksady bolup durmaýan, hökmany agzalyga esaslanýan we öz-özüňi dolandyrmak ýörelgelerine eýerýän telekeçilik işi bolup durmaýan hünärmenlik birleşmesidir.

2. Birleşme notarial işini kämilleşdirmek, notariat institutynyň garaşsyzlygyny we öz-özüňi dolandyryşyny berkitmek, döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşiklеri bilen gatnaşyklary utgaşdyrmak we ösdürmek, notariuslaryň bähbitlerine wekilçilik etmek, notariuslaryň hünär we durmuş hukuklaryny goramak, usuly işi amala aşyrmak, notariuslaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň notariuslarynyň konferensiýasynyň çözgüdi esasynda döredilýär.

3. Birleşmäniň Tertipnamasy Türkmenistanyň notariuslarynyň konferensiýasynyň çözgüdi esasynda kabul edilýär.

Birleşme Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alynmaga degişlidir. Birleşme Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnandan we Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizilenden soň, onuň ýuridik şahs hökmünde hukuk ukyplylygy ýüze çykýar.

4. Türkmenistanyň notariuslarynyň konferensiýasy tarapyndan möçberleri tassyklanylýan onuň agzalarynyň giriş we agzalyk gatançlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik, çekilen we beýleki serişdeler Birleşmäni maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýar.

5. Birleşmäni edara jaýy bilen üpjün etmek ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

II bölüm. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAK

VII BAP. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA NOTARIUSLARYŇ WE BEÝLEKI WEZIPELI ADAMLARYŇ YGTYÝARLYKLARY

44-nji madda. Döwlet notariuslary  tarapyndan amala aşyrylýan  notarial hereketleri

1. Döwlet notariuslary:

1) geleşikleri (nika şertnamalary, aliment şertnamalary we beýleki şertnamalary, şol sanda wesýetnamalary, ynanç hatlary) tassyklaýarlar;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

4) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler;

5) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda emlägi aýrybaşgalanmagyna gadaganlygy girizýärler we ony aýyrýarlar;

6) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

7) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;

8) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

9) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;

10) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýarlar;

11) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;

12) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;

13) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara berýärler;

14) puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;

15) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;

16) wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

17) çekleri tölege görkezýärler we çekleriň tölenmänligini tassyklaýarlar;

18) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;

19) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

20) subutnamalary üpjün edýärler;

21) notarial resminamanyň öwezligini, notarial işinde bar bolan resminamanyň nusgasyny ýa-da resminamadan göçürme berýärler;

22) elektron resminamanyň kagyz göterijidäki görnüşini tassyklaýarlar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet notariuslaryna beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak hem ýüklenip bilner.

45-nji madda. Hususy notariuslar  tarapyndan amala aşyrylýan  notarial hereketler

1. Hususy notariuslar:

1) geleşikleri (nika şertnamalary, aliment şertnamalary we beýleki şertnamalary, şol sanda wesýetnamalary, ynanç hatlary) tassyklaýarlar;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

4) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler;

5) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda emlägi aýrybaşgalanmagyna gadaganlygy girizýärler we ony aýyrýarlar;

6) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

7) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;

8) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

9) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;

10) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýarlar;

11) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;

12) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;

13) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara berýärler;

14) puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;

15) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;

16) wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

17) çekleri tölege görkezýärler we çekleriň tölenmänligini tassyklaýarlar;

18) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;

19) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

20) subutnamalary üpjün edýärler;

21) notarial resminamanyň öwezligini, notarial işinde bar bolan resminamanyň nusgasyny ýa-da resminamadan göçürme berýärler;

22) elektron resminamanyň kagyz göterijidäki görnüşini tassyklaýarlar;

23) ýuridik şahslaryň gatnaşmagynda geçirilýän gepleşiklere gatnaşmak arkaly, düzülýän teswirnamanyň (resminamalaryň) dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

24) ýuridik şahs döredilende kabul edilen resminamalaryň, dolandyryş edarasynyň resminamalarynyň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

25) kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki notarial hereketleri amala aşyrýarlar.

2.Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hususy notariuslara beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak hem ýüklenip bilner.

46-njy madda. Geňeşleriň ygtyýarly  wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan  notarial hereketler

1. Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary:

1) wesýetnamalary tassyklaýarlar;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

4) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler.

2. Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen, onuň asyl nusgasynyň birini bolsa haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr. Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tassyklan wesýetnamasynyň ýatyrylan halatynda, bu barada haýal etmezden tassyklanan wesýetnamanyň asyl nusgasynyň iberilen ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr. Bu maglumaty alan döwlet notariusy haýal etmän (şol gün) wesýetnamanyň ýatyrylandygy barada wesýetnamanyň asyl nusgasyna bellik girizýär we Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna bu barada maglumat girizýär.

Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri şu Kanuna, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

47-nji madda. Türkmenistanyň daşary ýurt  döwletlerindäki diplomatik  we kilhanalarynyň we  konsullyk edaralarynyň  ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan  notarial hereketleri

1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary şu notarial hereketlerini amala aşyrýarlar:

1) geleşikleri (şertnamalary, wesýetnamalary, ynanç hatlaryny we beýlekiler) tassyklaýarlar, muňa Türkmenistanda ýerleşýän gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak we girew goýmak baradaky geleşikler girmeýär;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

4) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler;

5) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

6) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;

7) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

8) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;

9) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýarlar;

10) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;

11) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;

12) pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;

13) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;

14) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;

15) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

16) subutnamalary üpjün edýärler;

17) notarial resminamanyň öwezligini, notarial işinde bar bolan resminamanyň nusgasyny ýa-da resminamadan göçürme berýärler.

2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan Türkmenistanyň çäginden daşynda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary babatda amala aşyrylan notarial hereketler bir bitewi maglumatlar toplumyny döretmek üçin, olaryň tassyklan her bir notarial hereketleriniň görnüşleri barada maglumat haýal etmezden Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberilmelidir. Tassyklanan notarial hereketi barada haýal etmezden Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna girizmek üçin, onuň elektron görnüşi iberilýär.

3. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen, onuň asyl nusgasynyň birini bolsa haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr. Bu maglumaty alan döwlet notariusy haýal etmän (şol gün) wesýetnamanyň ýatyrylandygy barada wesýetnamanyň asyl nusgasyna bellik girizýär we Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna bu barada maglumat girizýär.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlaryna şu maddada göz öňünde tutulmadyk beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak ýüklenilip bilner.

48-nji madda. Ygtyýarly wezipeli adamlar  tarapyndan notarial taýdan  tassyklanylanlara deňleşdirilen wesýetnamalaryň we  ynanç hatlarynyň tassyklanylmagy hem-de  arzalardaky gollaryň  hakykylygyna şaýatlyk  edilmegi

1. Notarial taýdan tassyklanylan resminamalara şular deňleşdirilýär:

1) hassahanalarda, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynda bejerişde bolýan ýa-da gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynda ýaşaýan adamlaryň şol hassahanalaryň, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň baş lukmanlary, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlary ýa-da nobatçy lukmanlary, gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynyň bolsa müdirleri we baş lukmanlary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

2) Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän deňiz (howa) gämilerinde ýa-da içerki suwlarynda ýüzüşi (howada uçuşy) amala aşyrýan gämilerde ýüzüş ýa-da uçuş wagtynda bolýan adamlaryň şol gämileriň kapitanlary (serkerdeleri) tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

3) gözleg we şolar ýaly beýleki ekspedisiýalarda bolýan adamlaryň şol ekspedisiýalaryň başlyklary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

4) harby hassahanalarda, harby-bejeriş edaralarynda we harby-lukmançylyk bölümlerinde bejerişde bolýan harby gullukçylaryň we beýleki adamlaryň şol harby hassahanalaryň, harby-bejeriş edaralaryň we harby-lukmançylyk bölümleriň serkerdeleri (müdirleri), olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlary, uly we nobatçy lukmanlary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

5) notariuslaryň we ygtyýarly wezipeli adamlaryň ýok ýerlerindäki harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň we harby okuw mekdepleriň ýerleşýän ýerlerinde harby gullukçylaryň we işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň şol harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň serkerdeleri (müdirleri) we harby okuw mekdepleriň rektorlary (müdirleri) tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

6) Içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezinde, wagtlaýyn saklaw gabawhanasynda, derňew gabawhanasynda we düzediş edaralarynda bolýan adamlaryň şol edaralaryň başlyklary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan wesýetnamalar tassyklananda şaýatlar gatnaşdyrylyp bilner. Şu halatda wesýetnama wesýet ediji we şaýatlar tarapyndan gol çekilmelidir.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ygtyýarly wezipeli adamlar tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen, onuň asyl nusgasynyň birini bolsa haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr.

Eger wesýet edijiniň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýeri bolmasa ýa-da wesýet edijiniň ýaşaýan ýeri näbelli bolsa, wesýetnama Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberilýär, ol bolsa wesýetnamanyň saklanyljak döwlet notarial edarasyny kesgitleýär.

4. Deňiz gämileriniň kapitanlary (serkerdeleri) tassyklan wesýetnamalarynyň asyl nusgasynyň birini soňra wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermek üçin Türkmenistanyň portunyň başlygyna ýa-da daşary ýurt portunyň ýerleşýän döwletindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamsyna bermäge borçludyrlar.

5. Ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan wesýetnamalary we ynanç hatlaryny tassyklamak, arzalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmek bilen geçirilýär.

6. Döwlet notariusy saklamaga gelip gowşan wesýetnamanyň kanunylygyny barlamaga we onuň kanuna laýyk gelmeýänligi anyklanan halatynda, bu barada wesýet edijä we wesýetnamany tassyklan ygtyýarly wezipeli adama habar bermäge borçludyr.

7. Notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukugy bolan ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýan Notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukugy bolan ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnama bilen bellenýär.

III bölüm. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAGYŇ DÜZGÜNLERI

VIII BAP. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAGYŇ UMUMY DÜZGÜNLERI

49-njy madda. Notarial hereketlerini  amala aşyrmagyň tertibi

Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnama bilen bellenilýär.

50-nji madda. Notarial hereketleriň amala aşyrylýan ýeri

1. Notarial hereketleri notariuslaryň, şeýle hem Geňeşleriň edara jaýlarynda amala aşyrylýar, muňa notarial hereketiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda anyk kesgitlenen ýerde amala aşyrylmalydygy baradaky halatlar girmeýär.

2. Eger notarial hereketleri öz bähbidine amala aşyrylýan adamlar notarial hereketleriň amala aşyrylýan edara jaýyna baryp bilmeýän bolsalar, notarial hereketleri şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edara jaýlarynyň daşynda amala aşyrylyp bilner.

Eger notarial hereketi notariuslaryň ýa-da Geňeşiň edara jaýynyň daşynda amala aşyrylýan bolsa, resminamadaky tassyklaýjy ýazgyda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda salgysyny we wagtyny görkezmek bilen, notarial hereketiň amala aşyrylýan ýeri ýazylýar.

3. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlarynyň notarial hereketleriniň amala aşyrylýan ýeri Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

51-nji madda. Notarial hereketlerini amala  aşyrmagyň möhletleri

1. Notarial hereketi degişli bolan tölegleri tölemek bilen, notarial hereketini amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen güni amala aşyrylýar.

2. Fiziki we ýuridik şahslardan goşmaça maglumatlary we resminamalary talap etmegiň (sanly ulgam arkaly almagyň) ýa-da resminamalary bilermenler seljermesine ibermegiň zerurlygy bilen bagly notarial hereketiniň amala aşyrylmagy gaýra goýlup bilner.

3. Şeýle halatlarda notarial hereketini amala aşyrmagyň gaýra goýulýan möhleti bir aýdan geçmeli däldir, muňa daşary ýurt döwletiniň çäginde tabşyrygy ýerine ýetirmek bilen bagly halatlar girmeýär.

4. Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin kazyýete ýüz tutmak isleýän raýatlaryň soramagy boýunça hem notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy gaýra goýlup bilner. Şu halatda notarius tarapyndan notarial hereketiniň amala aşyrylmagy otuz iş gününden köp bolmadyk möhlete gaýra goýulýar. Eger bellenilen möhletde gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar alynmasa, notarius notarial hereketini amala aşyrýar.

5. Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar alnan halatynda, notarial hereketiniň amala aşyrylmagy şol iş kazyýet tarapyndan çözülýänçä togtadylýar.

6. Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagynyň gaýra goýulmagy we togtadylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry esaslar hem bellenilip bilner.

52-nji madda. Notarial hereketlerini  amala aşyrmak üçin ýüz  tutanyň şahsyýetini  anyklamak

1. Notarial hereketleri amala aşyrylanda notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň, onuň wekiliniň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň şahsyýetini anyklaýar.

2. Şahsyýeti anyklamak notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalarynyň esasynda geçirilýär.

53-nji madda. Geleşiklere gatnaşýan  fiziki şahslaryň kämillik  ukyplylygyny we ýuridik şahslaryň hukuk  ukyplylygyny barlamak

1. Geleşikler tassyklananda geleşige gatnaşýan fiziki şahslaryň kämillik ukyby anyklanylýar we ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanylýar. Geleşik wekil tarapyndan amala aşyrylan halatynda onuň ygtyýarlyklary barlanylýar.

2. Wesýetnama tassyklanylanda notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar wesýet edijiniň kämillik ukybyny görkezmäge borçludyrlar.

54-nji madda. Notarial resminamalara  gol çekmegiň tertibi

1. Notarial taýdan tassyklanylýan geleşiklere, arzalara we gaýry resminamalara notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda gol çekilýär.

2. Geleşikler tassyklananda we gaýry notarial hereketleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda geleşiklere gatnaşyjylaryň we notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin ýüz tutan beýleki şahslaryň gollarynyň hakykylygy barlanylýar.

3. Eger notariuslarda ýuridik şahslaryň wezipeli adamlarynyň gollarynyň bellenen tertipde berlen nusgasy bar bolsa we gollaryň hakykylygy şübhe döretmeýän bolsa, notariuslar ol görkezilen wezipeli adamlaryň hut özleriniň gatnaşmaklaryny talap etmän bilerler.

4. Notarial taýdan tassyklanan geleşikleriň, şeýle hem arzalaryň we gaýry resminamalaryň mazmuny notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan gatnaşyjylaryň hemmesine sesli okalyp berilmelidir ýa-da notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan şahslar tarapyndan okalmalydyr.

5. Sowatsyzlygy, synasynda ýetmezi ýa-da keselliligi zerarly resminama hut öz eli bilen gol çekip bilmeýän adam, şol resminama gol çekmegi notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda başga adama ynanyp biler. Soňkynyň goly notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanmalydyr. Şunda adamyň şol resminama hut özüniň gol çekip bilmeýänliginiň sebäbi tassyklaýjy ýazgyda görkezilmelidir.

55-nji madda. Notarial hereketleri  amala aşyrylanda audio we  wideo ýazgylary  peýdalanmak

1. Ýüz tutan şahslaryň soramagy we olaryň hasabyna ýa-da notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň başlangyjy boýunça notarial hereketiniň amala aşyrylmagyny berkitmek maksady bilen, audio we wideo ýazgy geçirilip bilner. Audio we wideo ýazgy geçirmek diňe notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň gelen netijesi esasynda amala aşyrylýar.

2. Audio we wideo ýazgylary notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň başlangyjy boýunça amala aşyrylan halatynda, bu barada ýüz tutan şahslara duýdurylýar.

3. Audio we wideo ýazgylaryň geçirilendigi barada tassyklaýjy ýazgyda bellik edilýär we оlar notarial arhiwde notarial işi bilen bilelikde saklanylýar.

56-njy madda. Notarial hereketini  amala aşyrmak üçin zerur  bolan maglumatlary we  resminamalary talap edip  almak

Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary şahslardan talap edip almaga haklydyrlar. Maglumatlar we resminamalar sanly ulgam arkaly alnyp bilner.

Talap edilen maglumatlar we resminamalar on iş gününiň dowamynda berilmelidir, daşary ýurt döwletiniň çäginde tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen bagly ýagdaýlar muňa girmeýär.

57-nji madda. Hünärmenleri çekmek

1. Notarial hereketini amala aşyrmak ýörite bilimi ýa-da endigi talap edýän halatynda, notarial hereketiniň amala aşyrylmagy barada ýüz tutan şahsyň hasabyna notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar öz başlangyçlary ýa-da ýüz tutan şahsyň başlangyjy boýunça maslahat we tehniki ýa-da başga kömegi almak üçin hünärmeni çekip bilerler.

2. Hünärmen notarial iş önümçiliginiň barşynda bilermenler seljermesi häsiýetli ýörite barlaglar geçirmezden dilden ýa-da ýazmaça görnüşde maslahatlar berýär.

3. Hünärmeniň çekilenligi barada berilýän resminamada bellik edilýär.

58-nji madda. Notarial hereketlerini amala  aşyrmak üçin berilýän  resminamalara bildirilýän  talaplar

1. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar öçürip aýrylan, goşmaça ýazylan, çyzylan sözleri we gaýry bellik etmezden girizilen düzedişleri bolan resminamalary, şeýle hem galam bilen doldurylan resminamalary we ýazgysyny okap bolmaýan resminamalary notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin kabul etmeýärler.

2. Notarial taýdan tassyklanylýan geleşikleriň ýazgysy düşnükli we dürs ýazylan ýa-da çap edilen bolmalydyr, resminamanyň mazmunyna degişli sanlar we möhletler iň bolmanda bir gezek sözler bilen aňladylmalydyr, ýuridik şahslaryň atlary bolsa, olaryň salgylaryny görkezmek bilen gysgaldylman ýazylmalydyr, fiziki şahsyň familiýasy, ady we atasynyň ady, onuň ýaşaýan ýeriniň salgysy bolsa doly ýazylyp görkezilmelidir.

3. Möçberi bir kagyzdan geçýän resminamalaryň kagyzlary tikilen, sahypalanan we möhür basylyp berkidilen bolmalydyr.

59-njy madda. Tassyklaýjy ýazgyny  amala aşyrmak, şahadatnama bermek we  karar çykarmak

1. Geleşikleriň tassyklanylmagy, resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi, resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi, şeýle hem resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilmegi bu barada resminamada tassyklaýjy ýazgylary amala aşyrmak we möhür basmak arkaly amala aşyrylýar.

2. Miras hukugy, eýeçilik hukugy, adamyň diriliginiň we kesgitli bir ýerde barlygynyň faktlarynyň, adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygynyň, resminamalaryň saklamak üçin kabul edilmeginiň tassyklanylmagy, resminamalaryň görkezilen wagtynyň tassyklanylmagy tassyk edilip, degişli şahadatnamalar berilýär.

3. Notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz dönderilende, miras emlägine dolandyryjy bellenende, şeýle hem seljerme bellenende, degişli kararlar çykarylýar.

60-njy madda. Ýitirilen, zaýalanan ýa-da  ulanylmaga mümkinçiligi  bolmadyk resminamanyň öwezligini we  resminamalaryň  nusgalaryny we şolardan  göçürmeleri bermek

1. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanan ýa-da berlen resminamanyň ýitirilen, zaýalanan ya-da ulanylmaga mümkinçiligi bolmadyk halatynda, notarial hereketleri özleri babatda ýa-da tabşyrygy boýunça amala aşyrylan fiziki we ýuridik şahslaryň ýa-da olaryň wekilleriniň, şeýle hem hukuk kabul edijilik tertibinde, miraslyk tertibinde, eýeçilikdäki paýa bolan hukugy esasynda özlerine geçýän şahslaryň ýazmaça arzasy boýunça ýitirilen, zaýalanan ýa-da ulanylmaga mümkinçiligi bolmadyk resminamanyň öwezligi, resminamanyň nusgasy ýa-da resminamadan göçürme berilýär.

2. Notariuslar şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda saklamak üçin gelip gowşan wesýetnamalaryň öwezligini berýärler.

3. Notariuslaryň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň edara jaýlarynda saklanýan notarial işi (oňa goşulan beýleki resminamalar) bilen bagly bolan resminamalaryň nusgalary, olardan göçürmeler şu Kanunda göz öňünde tutulan düzgünleriň berjaý edilmegi bilen berilýär.

61-nji madda. Notarial hereketlerini bellige  almagyň sanawyndan  göçürme bermek 

Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar notarial hereketleri özleri babatda ýa-da tabşyrygy boýunça amala aşyrylan fiziki şahslaryň ýa-da olaryň wekilleriniň ýazmaça arzalary ýa-da ýuridik şahslaryň hat üsti bilen soramagy boýunça Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawyndan göçürme berýärler.

62-nji madda. Notarial hereketlerini  bellige almak

Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýan ähli notarial hereketleri Sanawda (şol sanda notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň elektron sanawynda) bellige alynýar. Notarial hereketiň sanawda bellige alnan belgisi bu adamlar tarapyndan berilýän resminamalarda we tassyklaýjy ýazgylarda görkezilýär.

63-nji madda. Elektron resminamalary  notarial taýdan tassyklamak

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elektron görnüşde döredilen resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagy talap edilen ýagdaýynda, onda elektron görnüşde döredilen resminama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, notarial taýdan tassyklanylmagyna degişlidir.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda raýat-hukuk geleşiginiň notarial taýdan tassyklanylmagy göz öňünde tutulan bolsa, elektron resminamany (elektron resminamalary) düzmek arkaly resmileşdirilen şeýle geleşik bu elektron resminama (elektron resminamalara) onuň sanly goluny goýmak arkaly notariuslar tarapyndan tassyklanylmalydyr.

3. Elektron resminama şu aşakdakylaryň asyl nusgasy hökmünde ulanylyp bilinmez:

1) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, diňe bir asyl nusgada döredilip bilinjek resminamanyň;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda beýleki resminamalaryň.

4. Elektron resminamanyň notarial taýdan tassyklanylmagynyň çäklendirmeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

5. Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş elektron resminama we kagyz göterijidäki resminama birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.

Mazmuny we rekwizitleri (sanly we öz eli bilen çekilen gollaryndan başga) boýunça birmeňzeş bolan elektron resminamanyň kagyz göterijidäki nusgasy we kagyz göterijidäki resminamanyň elektron nusgasy birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.

64-nji madda. Notarial hereketini amala  aşyrmakdan ýüz döndermek

1. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderýär, eger:

1) hereket başga notariuslar, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan amala aşyrylmaga degişli bolsa;

2) notarial hereketini amala aşyrmak üçin kämillik ukyby ýok adam, fiziki ýa-da ýuridik şahsyň degişli ygtyýarlyklary bolmadyk wekili ýüz tutan bolsa;

3) şeýle hereketiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynyň gaýry talaplaryna garşy gelýän bolsa.

2. Eger notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin berlen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa ýa-da olarda raýatlaryň abraýyny we mertebesini peseldýän maglumatlar bar bolsa, şeýle resminamalar notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan kabul edilmeýär.

3. Fiziki ýa-da ýuridik şahsa notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderen notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar ol fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ýazmaça arzasy boýunça ýüz dönderilmeginiň sebäplerini ýazmaça görnüşde beýan etmelidir we oňa şikaýat etmegiň tertibini düşündirmelidir. Şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi ýüz tutulan gününden soň bäş iş gününden giç bolmadyk möhletde notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz döndermek hakynda karar çykarmak arkaly resmileşdirilýär.

4. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz döndermek üçin gaýry esaslar hem bellenip, şeýle hem ýüz döndermegiň başga tertibi bellenip bilner.

65-nji madda. Notarial herekete ýa-da  ony amala aşyrmakdan  ýüz dönderilmegine şikaýat  etmek

1. Amala aşyrylan notarial hereketini ýa-da notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegini nädogry hasaplaýan gyzyklanýan şahs bu barada notariuslaryň iş çägi ýa-da Geňeşiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete şikaýat etmäge haklydyr.

2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan hukuk esassyz amala aşyrylan notarial herekete ýa-da ony amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegine şikaýata Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seredilýär.

3. Şu Kanunyň 48-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 3-6-njy bentlerinde görkezilen ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan wesýetnamalaryň we ynanç hatlarynyň nädogry tassyklanmagyna, arzalardaky gollaryň hakykylygyna nädogry şaýatlyk edilmegine ýa-da bu hereketleri etmekden ýüz dönderilmegine şikaýatlar olaryň işleýän ýuridik şahslarynyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete berilýär.

4. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzüş edýän deňiz gämisiniň ýa-da içerki suwlarda ýüzüşi amala aşyrýan gäminiň kapitany (serkerdesi) tarapyndan wesýetnamanyň nädogry tassyklanmagyna ýa-da arzalardaky gollaryň hakykylygyna nädogry şaýatlyk edilmegine ýa-da olardan ýüz dönderilmegine şikaýatlar şol gäminiň bellige alnan ýeri boýunça kazyýete berilýär.

5. Şonuň ýaly şikaýatlara seretmek Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan geçirilýär.

6. Notarial hereketler ýa-da olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi boýunça şikaýatlar barada işleriň seredilmegine notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar gatnaşýarlar.

66-njy madda. Amala aşyrylan notarial  herekete esaslanýan hukuk barada jedeli  çözmegiň tertibi

Amala aşyrylan notarial herekete esaslanýan hukuk barada jedele Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hak isleýiş önümçiligi tertibinde seredilýär.

67-nji madda. Kanun bozulmasy ýüze  çykarylanda notariuslar we  ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan  görülýän çäreler

1. Notarial hereketleri amala aşyrylanda raýatlar ýa-da aýry-aýry wezipeli adamlar tarapyndan kanun bozulmasyny ýüze çykaran notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar bu barada degişli prokurora habar berýärler.

2. Eger berlen resminamanyň hakykylygy şübhe döredýän bolsa, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar bu resminamany saklamaga we ony bilermenler seljermesine ibermäge haklydyr.

3. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine şübhe döredýän, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hökmany gözegçilige degişli bolan geleşikler we amallar barada maglumaty bu ugurda ygtyýarly döwlet edarasyna bermäge borçludyrlar.

68-nji madda. Notariuslaryň notarial  hereketlerini amala aşyrmak  bilen bagly bolmadyk  hereketlerine şikaýatlar

Notariuslaryň notarial hereketini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk hereketlerine edilen şikaýatlara Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan seredilýär.

IX BAP. GELEŞIKLERI TASSYKLAMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

69-njy madda. Notarial tertipde  tassyklanylýan geleşikler

1. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan baglaşmagyň hökmany notarial görnüşi bellenen geleşikleri notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar şu Kanunda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tassyklaýarlar. Taraplaryň islegi boýunça hökmany notarial görnüşi bellenilmedik beýleki geleşikler hem tassyklanyp bilner.

2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary şu Kanunda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde geleşikleri tassyklanlarynda şu Kanuny goldanýarlar.

70-nji madda. Geleşikleriň taslamalarynyň  manysyny, hukuk netijesini  we ähmiýetini taraplara düşündirmek

Geleşikleri tassyklaýan notariuslar, ygtyýarly wezipeli adam taýýarlanan geleşikleriň taslamalarynyň manysyny, hukuk netijesini we ähmiýetini taraplara düşündirmäge we olaryň mazmunynyň taraplaryň hakyky maksatlaryna laýyk gelýänligini we onuň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna garşy gelmeýänligini barlamaga borçludyrlar.

71-nji madda. Gozgalmaýan emlägi we  döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi  aýrybaşgalamak ýa-da  girewe goýmak hakynda  geleşikleri tassyklamak

1. Gozgalmaýan emlägi we döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak barada geleşikler notarial taýdan tassyklananda, bu emlägiň aýrybaşgalanmagyny ýa-da girewini amala aşyrýan şahsa degişlidigi, şeýle hem aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmegiň ýoklugy barlanýar. Aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmegiň ýokdugy degişli edaranyň beren kepilnamasy esasynda ýa-da sanly ulgam arkaly barlanýar.

2. Gozgalmaýan emlägi ýa-da döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak barada şertnamalar tassyklananda, notarius aýrybaşgalanýan emlägiň hukuk belleýji resminamalaryny talap edýär we eýesiniň aýrybaşgalamak boýunça ygtyýarlyklaryny barlaýar.

3. Gozgalmaýan emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) aýrybaşgalamak we girewe goýmak barada şertnamalary tassyklamak görkezilen emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

4. Döwlet belligine alynmaga degişli bolan eýeçilik hukugy ýa-da gaýry hukugy (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama, emlägiň (şeýle emläge bolan hukugyň) girewe goýujynyň adyna döwlet belligine alnandygyny tassyk edýän resminamanyň notariusa berlen şertinde tassyklanýar.

5. Ipoteka baradaky şertnamany tassyklamak notariuslar tarapyndan gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

6. Emläge gadaganlyk bar bolanda, onuň aýrybaşgalanmagy barada geleşik diňe berginiň zat edinýäne geçirilmegine algydaryň we zat edinýäniň razylygy bolanda tassyklanylyp bilner.

72-nji madda. Geleşigiň şaýatlary

1. Notarial hereketleri amala aşyrylanda geleşigiň taraplarynyň ýa-da wesýet edijiniň islegi boýunça şaýatlar gatnaşyp bilerler, şonda olar hem resminama gol çekýärler.

2. Notarial hereketleri özleriniň peýdasyna amala aşyrylýan adamlar şaýat bolup bilmezler.

73-nji madda. Wesýetnamalary tassyklamak

1. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar kämillik ukyby bolan adamlaryň Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň talaplaryna laýyklykda düzülen we olaryň hut özleri tarapyndan berlen wesýetnamalary tassyklaýar. Wesýetnamalaryň wekilleriň üsti bilen tassyklanmagyna ýol berilmeýär.

2. Wesýetnama tassyklananda wesýet edijiden onuň wesýet edilýän emläge bolan hukugyny tassyklaýan subutnamalary bermegi talap edilmeýär.

3. Emläk wesýet edilýän adam wesýet edijiniň islegi boýunça wesýetnama düzülende gatnaşmaga haklydyr.

4. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen, onuň asyl nusgasynyň birini haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyrlar.

Tassyklanan wesýetnama üýtgedilende ýa-da ýatyrylanda, bu barada maglumatlar haýal etmezden, wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna iberilmelidir.

74-nji madda. Wesýetnamany üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi

Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tassyklanan wesýetnamany ýatyrmak hakynda arzany alan, şonuň ýaly-da öň edilen wesýetnamany üýtgedýän ýa-da ýatyrýan täze wesýetnamany alan pursadyndan, bu barada wesýetnamanyň özlerinde saklanýan nusgasynda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellik edýärler. Bu barada maglumat Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna girizilýär.

Wesýetnamany üýtgetmek ýa-da ýatyrmak barada arzadaky gol notarial taýdan şaýatlyk edilen bolmalydyr.

75-nji madda. Ynanç hatlaryny  tassyklamak

1. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar bir ýa-da birnäçe şahsyň adyndan bir ýa-da birnäçe şahsyň adyna ynanç hatlaryny tassyklap bilerler.

2. Ynanç haty üç ýyldan köp bolmadyk möhlete berlip bilner.

3. Eger ynanç hatynda möhlet görkezilmedik bolsa, ol notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanan wagtyndan başlap, bir ýylyň dowamynda güýjüni saklaýar. Ynanç hatynda onuň notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanan senesi görkezilmedik bolsa, ol hakyky däldir.

4. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty diňe ynanmak hukugy şertleşilen esasy ynanç haty görkezilen halatynda notarial taýdan tassyklanylyp bilner. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty özünde esasy ynanç hatyndakydan köp hukugy saklamaly däldir. Başga birine ynanmak tertibinde berlen ynanç hatynyň hereket möhleti onuň berilmegine esas bolan esasy ynanç hatynyň hereket möhletinden geçmeli däldir.

5. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç hatynda umumy rekwizitlerden başga esasy ynanç hatynyň tassyklanylan senesi we ýeri görkezilmelidir.

6. Ýeňil we ýük awtomobilleri, awtobuslary, mikroawtobuslary dolandyrmak we olara ygtyýar etmek hukugyny tassyklaýan ynanç hatlary olaryň eýeleri tarapyndan diňe özleriniň ýakyn garyndaşlaryna başga birine ynanmazlyk şerti bilen resmileşdirilip bilner. Bu kada maýyplygy bolan adamlara, hossarlara (howandarlara), saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk, ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki, awtoulaga mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamasyny alan adamlara we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlara degişli däldir.

76-njy madda. Ynanç hatyny  ýatyrmagyň tertibi

Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tassyklanan ynanç hatyny ýatyrmak hakynda arzany alan halatynda, bu barada ynanç hatynyň özlerinde saklanýan nusgasynda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellik edýärler. Ynanç hatyny ýatyrmak hakynda arzadaky gol notarial taýdan şaýatlyk edilen bolmalydyr.

77-nji madda. Tassyklanylýan geleşigiň  nusgalarynyň sany

Tassyklanýan geleşikleriň asyl nusgalarynyň sany taraplaryň sany bilen kesgitlenýär, ýöne ol iki nusgadan az bolup bilmez, olaryň biri notarial işinde galýar.

X BAP. MIRASY GORAMAGA ZERUR ÇÄRELERI GÖRMEK

78-nji madda. Mirasyň ýüze çykanlygy  barada habar bermek borjy

Öleniň işlän ýa-da okan kärhanasy, edarasy, guramasy, öleniň ýaşan ýeri boýunça içeri işler edarasy, ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasy, şeýle hem öleniň ýaşan ýaşaýyş jaýynyň eýeleri bolan şahslar notariuslara, Geňeşleriň ýa-da Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlaryna mirasdarlary bolmadyk öleniň yzynda galan emläginiň barlygy we çak edilýän mirasdarlaryň özlerine mälim bolan ýaşaýan ýa-da işleýän ýerleri barada maglumatlary habar bermäge borçludyrlar.

79-njy madda. Mirasy goramak  boýunça çäreler

1. Mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça notariuslar, ygtyýarly wezipeli adam fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň habar bermegi boýunça ýa-da döwletiň, mirasdarlaryň, mirasdan ýüz dönderýänleriň ýa-da algydarlaryň bähbidine zerur bolanda öz başlangyçlary boýunça mirasy goramak üçin degişli çäreleri görýärler.

2. Eger miras galdyryjynyň emlägi ýa-da onuň bir bölegi mirasyň ýüze çykan ýerinde bolmasa, mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar miras emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça notariuslara, ygtyýarly wezipeli adamlara ony goramak üçin çäreler görmek barada tabşyryk iberýärler.

80-nji madda. Ýüze çykan miras barada  mirasdarlara habar bermek

1. Ýüze çykan miras barada habary alan notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar bu barada ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri özlerine mälim bolan mirasdarlara habar bermäge borçludyrlar.

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi düzüminde saklanýan wesýetnama bar bolanda, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar wesýetnama boýunça mirasyň ýüze çykanlygy barada ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri özlerine mälim bolan ýüz dönderişi alyjylara habar bermäge borçludyrlar.

2. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar mirasdarlary köpçülikleýin bildiriş bermek ýa-da metbugatda habar bermek arkaly hem çagyryp bilerler.

81-nji madda. Miras emlägiň ýazgysyny  geçirmek we oňa saklaýjyny  ýa-da hossarlyk edijini  bellemek

1. Miras emlägi goramak üçin notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar şol emlägiň ýazgysyny geçirýärler we ony goramak üçin mirasdara ýa-da başga bir şahsa berýärler ýa-da oňa hossarlyk edijini belleýärler.

2. Eger mirasyň düzüminde dolandyrmagy talap edýän emläk bar bolsa, şeýle hem miras mirasdarlar tarapyndan kabul edilip alynýança miras galdyryja algydarlar tarapyndan hak islegi bildirilen halatynda, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar şol emlägi gorap saklaýjyny belleýär. Notariuslaryň ýok ýerlerinde Geňeş tarapyndan miras emläge hossarlyk ediji bellenýär we ýüze çykan miras we ony goramak boýunça görlen çäreler barada degişli döwlet notarial edarasyna habar berýär.

3. Miras emlägi gorap saklaýjy, hossarlyk ediji we ony saklamaga berlen beýleki adamlar miras emlägiň harç edilenligi, gizlenenligi ýa-da aýrybaşgalananlygy üçin, şeýle hem oňa ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik barada duýdurylýar.

4. Miras emlägi goramak barada çäreleri görmek ýa-da miras emlägiň ýazgysyny amala aşyrmak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar miras emlägi ýazgy etmek üçin görkezmekden ýüz dönderilendigi barada ykrarnama düzýärler.

82-nji madda. Miras emlägiň goralyp  saklananlygy üçin sylag

1. Miras emlägi gorap saklaýjy, hossarlyk ediji we ony saklamaga berlen beýleki adamlar, eger olar mirasdar däl bolsa, miras emlägi gorap saklandyklary üçin sylag almaga haklydyrlar.

2. Görkezilen adamlara miras emlägi peýdalanmakdan hakyky alnan peýdany aýyrmak bilen, şol emlägi goramak we dolandyrmak boýunça zerur bolan çykdajylar tölenilýär.

83-nji madda. Miras emlägiň gorag  çäreleriniň aýrylmagy

1. Miras emlägiň goragy miras ähli mirasdarlar tarapyndan kabul edilip alynýança, eger ol alynmadyk bolsa, onda mirasy kabul edip almak Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenen möhlet tamamlanýança dowam edýär.

2. Miras emlägi goramak boýunça çäreler bes edilen halatynda, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar bu barada mirasdarlara, eger olar ýok bolsa, döwlet eýeçiligine ygtyýarlyk etmäge hukugy bolan edara deslapdan habar bermäge borçludyrlar.

84-nji madda. Miras emläkden pul  möçberleriniň berilmegi

1. Zerur bolan halatlarynda notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar miras mirasdarlar tarapyndan kabul edilip alynýança, eger ol alynmadyk bolsa, onda mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama döwlete berilýänçä, miras emläkden pul möçberleriniň şulara berilmegine ygtyýar edýärler:

1) miras galdyryjynyň keselli bolan wagty oňa seretmek, şeýle hem ony jaýlamak boýunça edilen çykdajylary ýapmak üçin;

2) miras galdyryjynyň eklenjinde bolan adamlary saklamak üçin;

3) iş haky boýunça nägilelikleri we şolara deňleşdirilen nägilelikleri kanagatlandyrmak üçin;

4) miras emlägi goramak we ony dolandyrmak boýunça, şeýle hem mirasyň ýüze çykanlygy barada habary köpçülige ýetirmek boýunça çykdajylary ýapmak üçin.

2. Miras emlägiň düzüminde pul möçberi ýok bolsa, goşlary bermek barada ygtyýar edilýär, onuň bahasy edilen hakyky çykdajylaryň möçberinden ýokary geçmeli däldir.

XI BAP. MIRASA BOLAN HUKUK HAKYNDA ŞAHADATNAMA BERMEK

85-nji madda. Mirasa bolan hukuk bilen  bagly arzalary kabul etmek

Mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, mirasdaryň mirasyň kabul edilmegi, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi ýa-da mirasdaryň mirasyň kabul edilmegi we mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi, mirasdan ýüz döndermegi, är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikdäki umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi ýa-da mirasy goramaga zerur çäreleriň görülmegi barada we beýleki ýazmaça görnüşdäki arzalaryny kabul edýär.

86-njy madda. Mirasa bolan hukuk hakynda  şahadatnamanyň berilýän ýeri we möhleti

1. Mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary mirasdarlaryň ýazmaça arzasy boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler.

2. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamany bermek Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan möhletlerde geçirilýär.

87-nji madda. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamany bermegiň  tertibi

1. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamalar Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, mirasy kabul eden mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi barada arza beren ýa-da olaryň mirasy kabul edenligine şaýatlyk edýän emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga hakyky girişen mirasdarlara berilýär.

2. Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenen möhletde mirasy kabul etmedik mirasdarlar mirasy kabul eden beýleki mirasdarlaryň hemmesiniň razylygy bilen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşulyp bilner. Bu razylyk ýazmaça görnüşde mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýänçä beýan edilmelidir.

3. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama ähli mirasdarlara bilelikde ýa-da olaryň islegine baglylykda her birine aýratynlykda berilýär.

4. Hossarlyk ýa-da howandarlyk edilýän mirasdaryň adyna mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň berlendigi barada mirasdaryň emläk bähbitlerini goramak üçin onuň ýaşaýan ýeri boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar berilýär.

5. Miras galan emläk döwlete geçirilende mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama ygtyýarly döwlet edarasyna berilýär.

6. Emlägi aýrybaşgalamaga gadaganlyk bar bolanda, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berginiň mirasdara (mirasdarlara) geçirilmegine algydaryň we mirasdaryň (mirasdarlaryň) razylygy bolanda berlip bilner.

88-nji madda. Kanun boýunça mirasdarlara  mirasa bolan hukuk hakynda  şahadatnamany bermegiň  şertleri

1. Kanun boýunça mirasdarlara mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende mirasdarlardan degişli subutnamalary talap etmek arkaly miras galdyryjynyň ölenliginiň fakty, mirasyň ýüze çykan wagty we ýeri, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek barada arza beren adamlaryň olary kanun boýunça mirasdarlar diýip bilinmegi üçin esas bolan miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we gaýry gatnaşyklarynyň barlygy, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýän miras emlägiň düzümi we ýerleşýän ýeri barlanylýar.

2. Eger bir ýa-da birnäçe kanun boýunça mirasdarlar özleriniň kanun boýunça mirasdarlar diýip bilinmegi üçin esas bolan miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we gaýry gatnaşyklarynyň barlygyna subutnama bermäge mümkinçilikden mahrum bolsalar, olar mirasy kabul eden we degişli subutnamalary beren beýleki mirasdarlaryň hemmesiniň razylygy bilen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşulyp bilner.

89-njy madda. Wesýetnama boýunça  mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamany  bermegiň şertleri

1. Wesýetnama boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende degişli subutnamalary talap etmek arkaly miras galdyryjynyň ölenliginiň fakty, wesýetnamanyň barlygy we onuň güýjündedigi, mirasyň ýüze çykan wagty we ýeri, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýän miras emlägiň düzümi we ýerleşýän ýeri barlanylýar, şeýle hem mirasda hökmany paýa hukugy bolan mirasdarlaryň topary anyklanylýar.

2. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş bar bolanda ýüz dönderişi alyjylar çagyrylýar, olara wesýetnamalaýyn ýüz dönderişiň mazmuny we olaryň mirasdardan (mirasdarlardan) düşýän paýy almaga bolan hukugy düşündirilýär.

90-njy madda. Döwlet belligine alynmaga  degişli emläk babatda  mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermegiň  şertleri

1. Eger miras emlägiň düzümine ýaşaýyş jaýy ýa-da beýleki gozgalmaýan emläk girýän bolsa, olaryň miras galdyryja degişlidigi hakynda hukuk belleýji resminama, emlägiň düzümi barada degişli edaranyň kepilnamasy talap edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde görkezilen emläkleriň döwlet belligine alnanlygy anyklanylýar. Şunda ýaşaýyş jaýynyň ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň (gozgamasyz etmegiň) ýokdugy degişli edaranyň beren kepilnamasy esasynda ýa-da sanly ulgam arkaly barlanylýar.

2. Döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi (awtomobil we beýlekiler) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşmak üçin bu emlägiň miras galdyryja degişlidigi hakynda resminamalary barlanylýar.

XII BAP. EÝEÇILIK HUKUGY HAKYNDA ŞAHADATNAMA BERMEK. EMLÄGIŇ AÝRYBAŞGALANMAGYNA GADAGANLYK GIRIZMEK WE ONY AÝYRMAK

91-nji madda. Är-aýalyň (öňki är-aýalyň)  bilelikdäki arzasy boýunça şahadatnamalary  bermek

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikde ýazmaça beren arzasy boýunça olaryň birine ýa-da är-aýalyň (öňki är-aýalyň) ikisine hem nika döwründe gazanylan bilelikdäki umumy emläkdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary berýärler.

2. Ýaşaýyş jaýyna, jaýyň bir bölegine, öýe we döwlet belligine alynmaga degişli gaýry gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda görkezilen şahadatnamalar notariuslar tarapyndan şol emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça berilýär.

92-nji madda. Är-aýalyň biri ölen halatynda  şahadatnama bermek

1. Är-aýalyň biri ölen halatynda är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama diri galan äriň (aýalyň) ýazmaça beren arzasy boýunça mirasy kabul eden mirasdarlara bu barada deslapdan habar bermek bilen, mirasyň ýüze çykan ýeri boýunça notariuslar tarapyndan berilýär.

2. Är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama diri galan äriň (aýalyň) adyna nika döwründe edinilen bilelikdäki umumy emlägiň ýarysyna berlip bilner.

3. Diri galan äriň (aýalyň) razylygy bilen mirasy kabul edip alan mirasdarlaryň ýazmaça arzasy boýunça är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnamada ölen äriň (aýalyň) bilelikdäki umumy emläkdäki paýy hem kesgitlenilip bilner.

93-nji madda. Umumy eýeçilikdäki  paýa bolan hukuk hakynda  şahadatnama bermek

1. Notariuslar umumy eýeçilikde emlägi bolan şahslaryň bilelikdäki ýazmaça arzasy boýunça deslapdan olaryň her biriniň paýyny kesgitländen soň umumy emläkden paýyny almak isleýän şahsa ýa-da şahslara umumy eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler.

Şu bölegiň kadalary umumy emläkden paýy bolan şahs ölen halatynda hem degişlidir.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen umumy eýeçilikde bolan gozgalmaýan emläge umumy eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama onuň ýerleşýän ýeri boýunça notariuslar tarapyndan berilýär.

94-nji madda. Hususy kärhana ýatyrylanda  gozgalmaýan emläge eýeçilik  hukugy hakynda şahadatnama bermek

Hususy kärhana ýatyrylandan soň notariuslar esaslandyryjynyň ýazmaça arzasy boýunça ýatyrylan hususy kärhananyň gozgalmaýan emlägine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýärler.

95-nji madda. Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermegiň şertleri

1. Notariuslar eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berende gozgalmaýan emlägiň degişlidigi hakynda hukuk belleýji resminamany talap edýärler.

2. Notariuslar gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň ýa-da ony gozgamasyz etmegiň ýokdugyny, degişli edaranyň beren ýa-da sanly ulgam arkaly alnan resminamanyň esasynda barlamaga borçludyrlar.

96-njy madda. Gadaganlygyň girizilmegi

Jaýy (jaýyň bir bölegini), öýi gurmak, olary düýpli abatlamak we satyn almak ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägi edinmek üçin, şeýle hem emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama tassyklanylanda görkezilen emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça notariuslar karz edaralarynyň ýa-da ýuridik şahslaryň fiziki şahslara karz bermek barada habarnamalary boýunça bu emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizýärler.

97-nji madda. Gadaganlygyň aýrylmagy

Notariuslar karzyň üzülendigi ýa-da emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnamanyň bes edilendigi hakynda karz edarasynyň ýa-da ýuridik şahsyň habarnamasyny alyp, bellenen tertipde aýrybaşgalamaga girizilen gadaganlygy aýyrýarlar we bu barada emlägiň bellige alnan edaralaryna ýazmaça habar berýärler.

XIII BAP. RESMINAMALARYŇ NUSGALARYNYŇ WE OLARDAN GÖÇÜRMELERIŇ DOGRULYGYNA, GOLLARYŇ HAKYKYLYGYNA, TERJIMÄNIŇ DOGRULYGYNA ŞAÝATLYK ETMEK

98-nji madda. Resminamalaryň  nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna  şaýatlyk etmek

1. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan berlen resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şol resminamalar we olaryň mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we ýuridik ähmiýeti bolan şertinde ýazmaça görnüşde şaýatlyk edýärler.

Pasportlaryň, harby şahadatnamalaryň (biletleriň), partiýa, kärdeşler arkalaşygy we beýleki jemgyýetçilik birleşiginde agzalyk barada resminamalaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasynyň we Mejlisiniň deputatynyň, Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasarynyň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şahadatnamalarynyň nusgalaryna şaýatlyk etmek gadagan edilýär.

Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýetini amala aşyrýan edaralarynyň raýatlaryň şahsy hukuklaryna we bähbitlerine degişli namalarynyň nusgalarynyň dogrudygyna şaýatlyk etmek diňe birinji döwlet notarial edaralarynda geçirilýär.

Notarial hereketlerini amala aşyrýan Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlarynyň umumy bilim we hünär bilim edaralarynyň gutarylandygy barada resminamalaryň nusgalaryna şaýatlyk etmäge hukugy ýokdur.

2. Mazmuny diňe aýratyn meselelere degişli resminamalardan göçürmeleriň dogrulygy tassyklanyp bilner. Göçürme resminamada beýan edilen meseleleriň birine ýa-da birnäçesine degişli böleginiň doly ýazgysyny öz içine almalydyr.

99-njy madda. Resminamalaryň  nusgalaryndan edilen nusgalaryň dogrulygyna  şaýatlyk etmek

Resminamanyň nusgasyndan edilen nusganyň dogrulygyna ilkinji nusganyň dogrulygy notarial tertipde tassyklanylan ýa-da resminamanyň nusgasynyň hakyky resminamanyň gelip çykýan ýuridik şahsy tarapyndan berlen şertinde olara notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan şaýatlyk edilýär.

Resminamanyň nusgasy hakyky resminamanyň gelip çykýan ýuridik şahsy tarapyndan berlende, şol nusga ýuridik şahsyň blankynda taýýarlanan, möhür basylyp berkidilen hem-de resminamanyň asyl nusgasynyň ýuridik şahsda saklanýandygy barada bellik bolmalydyr.

100-nji madda. Resminamadaky goluň  hakykylygyna şaýatlyk  etmek

1. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar onuň mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we geleşigiň beýany bolmadyk resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edýärler.

2. Notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar goluň hakykylygyna şaýatlyk etmek bilen, resminamada beýan edilen wakalary tassyklaman, diňe goluň kesgitli şahs tarapyndan goýlandygyny tassyklaýarlar.

101-nji madda. Terjimäniň dogrulygyna  şaýatlyk etmek

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary, eger olar degişli dili bilýän bolsalar, bir dilden beýleki dile edilen terjimäniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler.

2. Eger notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary degişli dili bilmeýän bolsalar, terjimeçi tarapyndan terjime edilip bilner, şunda terjimeçiniň golunyň hakykylygyna notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan şaýatlyk edilýär.

XIV BAP. FAKTLARY TASSYKLAMAK

102-nji madda. Adamyň diriligi barada  fakty tassyklamak

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary, adamyň ýazmaça arzasy boýunça onuň adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar. Kämillik ýaşyna ýetmedigiň ýa-da kämillik ukyby ýok adamyň diriligi barada fakty tassyklamak olaryň kanuny wekilleriniň (ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, hossarlarynyň, howandarlarynyň), şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedige ýa-da kämillik ukyby ýok adama howandarlyk edýän edaralaryň we guramalaryň soramagy boýunça geçirilýär.

2. Görkezilen fakty tassyklamak bilen gyzyklanýan şahslara şahadatnama berilýär.

103-nji madda. Adamyň kesgitli bir ýerde  barlygy baradaky fakty  tassyklamak

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary, adamyň ýazmaça arzasy boýunça onuň kesgitli bir ýerde barlygy baradaky fakty tassyklaýarlar. Kämillik ýaşyna ýetmedigiň kesgitli bir ýerde barlygy baradaky fakty tassyklamak onuň kanuny wekilleriniň (ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, hossarlarynyň, howandarlarynyň), şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedige howandarlyk edýän edaralaryň we guramalaryň arzasy esasynda geçirilýär.

2. Görkezilen fakty tassyklamak bilen gyzyklanýan şahslara şahadatnama berilýär.

104-nji madda. Adamyň ýüz keşbiniň  suratdaky şekil bilen  kybapdaşlygyny  tassyklamak

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary, adamyň ýüz keşbiniň şol adam tarapyndan berlen suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar.

2. Görkezilen fakty tassyklamak bilen gyzyklanýan şahslara şahadatnama berilýär.

105-nji madda. Resminamanyň görkezilen  wagtyny tassyklamak

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary, gyzyklanýan şahslaryň arzalary boýunça resminamanyň özlerine görkezilen wagtyny tassyklaýarlar. Şunda resminamada beýan edilen wakalara şaýatlyk edilmeýär, diňe resminamanyň görkezilen faktynyň kesgitli wagty (ýyl, aý, gün, sagat, minut) tassyklanýar.

2. Resminamany görkezen adamyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny görkezmek bilen, bu barada resminamada tassyklaýjy ýazgy edilýär.

3. Eger bir wagtda birnäçe resminama görkezilýän bolsa, onda notarial hereketi olaryň her biri babatda aýratynlykda amala aşyrylýar.

XV BAP. FIZIKI WE ÝURIDIK ŞAHSLARYŇ ARZALARYNY BERMEK. PULLARY WE GYMMATLY KAGYZLARY DEPOZITE KABUL ETMEK

106-njy madda. Arzalary bermek

1. Fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki hem-de ýuridik şahslara bermek notariuslar tarapyndan olaryň hut özlerine gol çekdirmek arkaly ýa-da poçta boýunça gowşurylandygy hakynda yzyna habar bermek bilen amala aşyrylýar. Arzalar sanly ulgamy we gaýry tehniki serişdeleri peýdalanmak bilen hem berlip bilner.

2. Notariuslar arza beren adamyň soramagy boýunça oňa arzanyň berlendigi hakynda şahadatnama berýärler.

107-nji madda. Pullary we gymmatly  kagyzlary depozite kabul  etmek

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle hem algydara bermek üçin bergidardan depozite puly we gymmatly kagyzlary kabul edýärler.

Pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek üçin notarius depozit hasabyny açmalydyr. Notariusyň öz serişdeleriniň depozit hasabyna gönükdirilmegine ýol berilmeýär.

2. Pullaryň we gymmatly kagyzlaryň gelip gowşandygy barada algydar habarly edilýär we onuň talap etmegi boýunça oňa düşýän pullar ýa-da gymmatly kagyzlar berilýär.

3. Pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek borçnamanyň ýerine ýetirilýän ýeri boýunça geçirilýär.

4. Depozit hasabyna goýlan pul serişdeleriniň we gymmatly kagyzlaryň berilmegi karz edarasy tarapyndan notariusyň resmi habar etmegi bilen berilýär.

108-nji madda. Pullary we gymmatly  kagyzlary depozite goýan şahsa gaýtaryp  bermek

Pullary we gymmatly kagyzlary depozite goýan şahsa gaýtaryp bermek diňe peýdasyna gatanç edilen şahsyň ýazmaça razylygy bilen ýa-da kazyýetiň karary boýunça ýol berilýär.

XVI BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ ÝAZGYLARYNY AMALA AŞYRMAK

109-njy madda. Bergidardan pul möçberini  tutup almak ýa-da emlägi  talap etmek

1. Bergidardan pul möçberini tutup almak ýa-da emlägini talap etmek üçin notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary bergi anyklanan resminamalarda ýerine ýetiriş ýazgylaryny amala aşyrýarlar.

2. Ýerine ýetiriş ýazgylary esasynda jedelsiz tertipde bergini tutup almak geçirilýän resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

110-njy madda. Ýerine ýetiriş ýazgylaryny  amala aşyrmak üçin şertler

1. Ýerine ýetiriş ýazgylary şu halatlarda amala aşyrylýar:

1) eger berlen resminamalar berginiň jedelsizligini ýa-da bergidaryň algydaryň öňündäki gaýry jogapkärçiligini tassyklaýan bolsa;

2) eger hak isleýişe hukuk dörän gününden başlap üç ýyldan, ýuridik şahslaryň arasyndaky gatnaşyklarda bolsa — bir ýyldan köp wagt geçmedik bolsa.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýerine ýetiriş ýazgysy berilýän talap üçin talap etmegiň gaýry wagt möhleti bellenen bolsa, ýerine ýetiriş ýazgysy şol möhletiň çäklerinde berilýär.

111-nji madda. Ýerine ýetiriş  ýazgysynyň mazmuny

Ýerine ýetiriş ýazgysynda:

1) ýerine ýetiriş ýazgysyny amala aşyrýan ygtyýarly wezipeli adamyň wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

2) algydaryň ady we salgysy;

3) bergidaryň ady we salgysy;

4) haýsy möhlet üçin tutup almagyň geçirilýändigi;

5) tutup almaga degişli möçberiň ýa-da talap etmäge degişli närseleriň, şol sanda, eger alynmaga degişli bolsa puşmana tölegi, göterimi;

6) algydaryň tölän döwlet pajy ýa-da bergidardan tutup almaga degişli möçberi;

7) ýerine ýetiriş ýazgysynyň amala aşyrylan senesi (ýyly, aýy, güni);

8) ýerine ýetiriş ýazgysynyň Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellige alnan belgisi;

9) ýerine ýetiriş ýazgysyny amala aşyran adamyň goly, möhüri bolmalydyr.

112-nji madda. Ýerine ýetiriş ýazgysy  boýunça bergini tutup  almagyň tertibi

Ýerine ýetiriş ýazgysy boýunça bergini tutup almak kazyýet kararlaryny ýerine ýetirmek üçin ýerine ýetiriş önümçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

113-nji madda. Ýerine ýetiriş ýazgysyny görkezmegiň möhleti

1. Algydar ýa-da bergidar fiziki şahs bolan halatynda, eger Türkmenistanyň kanunçylygy bilen başga möhletler bellenmedik bolsa, ýerine ýetiriş ýazgysy onuň amala aşyrylan gününden başlap, üç ýylyň dowamynda, ähli galan talaplar boýunça bolsa — bir ýylyň dowamynda mejbury ýerine ýetirilmäge görkezilip bilner.

2. Ýerine ýetiriş ýazgysyny görkezmek üçin geçirilen möhleti dikeltmek Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

XVII BAP. WEKSELIŇ GARŞYLYKNAMASYNY AMALA AŞYRMAK, ÇEKLERI TÖLEGE  GÖRKEZMEK WE ÇEKLERIŇ TÖLENMÄNDIGINI TASSYKLAMAK

114-nji madda. Wekseliň  garşylyknamasy

Weksel hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, tölemezlikde, akseptsizlikde we akseptiň senesiniň goýulmazlygynda notariuslar wekseliň garşylyknamasyny geçirýärler.

115-nji madda. Tölege görkezmek üçin  çekleri kabul etmek we çekleriň tölenmändigini  tassyklamak

1. Töleýjiniň ýerleşýän ýeri boýunça notariuslar on gün geçenden soň berlen çekleri tölege görkezmek üçin kabul edýärler, daşary ýurt çeklerini bolsa — çekiň berlen gününden alty aý geçenden soň, ýöne bu möhletden soňky gün sagat 12-den gijä goýmazdan kabul edýärler.

2. Çek tölenmedik halatynda notarius çeke bellenilen görnüşde ýazgy etmek arkaly çekiň tölenmändigini tassyklaýar we bu barada Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellik edýär. Notariuslar çeke ýazgy etmek bilen bir wagtda çeki berijä onuň çekiniň bank tarapyndan tölenmändigi we çekde ýazgynyň amala aşyrylandygy barada habar iberýärler.

3. Çek tölenmedik halatynda notariuslar çek saklaýjynyň soramagy boýunça ýerine ýetiriş ýazgysyny amala aşyrýarlar.

XVIII BAP. RESMINAMALARY SAKLAMAK ÜÇIN KABUL ETMEK WE GAÝTARYP BERMEK

116-njy madda. Resminamalary saklamak  üçin kabul etmek

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary resminamalary saklamak üçin ýazgy boýunça kabul edýärler. Şol ýazgynyň bir nusgasy notariusda galdyrylýar, beýleki nusgasy resminamalary saklamak üçin tabşyran şahsa berilýär.

2. Eger resminamalar we gymmatly kagyzlar talabalaýyk gaplanan bolsa (gap notariuslaryň möhüri bilen berkidilýär, oňa notariuslar hem-de resminamalary we gymmatly kagyzlary tabşyran şahs tarapyndan gol çekilýär), şahsyň soramagy boýunça notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary olary ýazgysyz kabul edip bilerler. Şol gap möhür bilen berkidilýär we oňa notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan, şeýle hem resminamalary tabşyran şahs tarapyndan gol çekilýär. Şeýle halatlarda notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary şol gabyň abat saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.

3. Resminamalary saklamak üçin tabşyran şahsa şahadatnama berilýär.

117-nji madda. Saklamak üçin kabul edilen  resminamalary gaýtaryp  bermek

Saklamak üçin kabul edilen resminamalar notariuslar tarapyndan berlen şahadatnamany ýa-da olaryň ýazgysynyň nusgasyny görkezmegi boýunça ýa-da kazyýetiň karary boýunça olary saklamak üçin tabşyrana ýa-da onuň ygtyýarly eden adamyna gaýtarylyp berilýär.

XIX BAP. DEŇIZ GARŞYLYKNAMALARYNY AMALA AŞYRMAK

118-nji madda. Deňiz garşylyknamasy  hakynda arza

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary gämi eýeleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin subutnamalary üpjün etmek maksady bilen, gämi eýesine emläk talaplaryny bildirmek üçin esas bolup biljek ýüzüş döwründe ýa-da gämi duralgasynda bolup geçen hadysa barada gäminiň kapitanynyň (serkerdesiniň) arzasyny kabul edýärler.

2. Deňiz garşylyknamasy hakynda arzada bolup geçen hadysanyň ýagdaýlary we kapitanyň (serkerdäniň) özüne ynanylan emlägiň abat saklanmagyny üpjün etmek üçin gören çäreleri beýan edilen bolmalydyr.

3. Deňiz garşylyknamasy hakynda arzada beýan edilen ýagdaýlary tassyklap, gäminiň kapitany (serkerdesi) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, arza bermek bilen bir wagtda ýa-da gäminiň Türkmenistanyň portuna giren pursadyndan ýa-da eger hadysa portda bolup geçen bolsa, hadysanyň bolan pursadyndan, ýedi senenama gününden köp bolmadyk möhletde notariuslara, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlaryna gämi bellige alyş kitabyny we gäminiň kapitany (serkerdesi) tarapyndan tassyklanan gämi bellige alyş kitabynyň göçürmesini seredip çykmak üçin görkezmäge borçludyr.

119-njy madda. Deňiz garşylyknamasy  hakynda arza bermegiň  tertibi we möhleti

1. Deňiz garşylyknamasy hakynda arza Türkmenistanyň portunda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda notariuslara, daşary ýurt portunda bolsa — şol döwletiň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlaryna berilýär.

2. Deňiz garşylyknamasy hakynda arza, eger hadysa deňiz portunda bolan bolsa — hadysanyň bolan pursadyndan soň ýigrimi dört sagadyň dowamynda, gämi ýüzüp ýören wagtynda bolanda bolsa — bolan hadysadan soň gäminiň ýa-da gäminiň kapitanynyň (serkerdesiniň) ilkinji deňiz portuna gelen pursadyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda berilýär.

3. Bellenilen möhletde garşylyknama bildirmek mümkin bolmadyk halatynda, onda onuň sebäpleri deňiz garşylyknamasy hakynda arzada görkezilmelidir.

120-nji madda. Deňiz garşylyknamasy  hakynda nama düzmek

Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary gäminiň kapitanynyň (serkerdesiniň) arzasy, gämi bellige alyş kitabynyň maglumatlary, şeýle hem kapitanyň (serkerdäniň) özüni, mümkin boldugyça gäminiň ýolbaşçy düzümindäki adamlardan azyndan iki şaýady we gämi toparyndan iki şaýady soraşma esasynda deňiz garşylyknamasy hakynda nama düzýärler we ony öz goly we möhüri bilen tassyklaýarlar. Namanyň bir nusgasy gäminiň kapitanyna (serkerdesine) ýa-da onuň ygtyýarly eden adamyna berilýär.

XX BAP. SUBUTNAMALARY ÜPJÜN ETMEK

121-nji madda. Kazyýetde ýa-da başga ygtyýarly edarada işiň ýüze çykan  halatynda zerur bolan subutnamalary üpjün  etmek

1. Eger subutnamalary görkezmek soňra mümkin bolmaz ýa-da kynçylykly bolar diýip çak etmäge esas bar bolsa, notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary gyzyklanýan şahslaryň soramagy boýunça kazyýetde ýa-da başga ygtyýarly edarada iş ýüze çykan halatynda zerur bolan subutnamalary üpjün edýär.

2. Gyzyklanýan şahslaryň notariuslara ýüz tutan pursadynda kazyýetiň ýa-da başga ygtyýarly edaranyň önümçiliginde bar bolan işler boýunça subutnamalar üpjün edilmeýär.

122-nji madda. Subutnamalary üpjün etmek  boýunça hereketler

1. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary subutnamalary üpjün etmek tertibinde fiziki şahslary sorag edýär, resminamalary we närseleri gözden geçirýär, zerur bolsa bilermenler seljermesini belleýär.

2. Subutnamalary üpjün etmek boýunça iş ýörediş hereketlerini ýerine ýetirende notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynyň degişli kadalaryny gollanýarlar.

3. Notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary subutnamalaryň üpjün edilýän wagty we ýeri barada taraplara hem-de gyzyklanýan şahslara habar berýär, ýöne olaryň gelmezligi subutnamalary üpjün etmek boýunça hereketleri ýerine ýetirmek üçin päsgelçilik bolmaýar.

4. Taraplaryň haýsydyr birine we gyzyklanýan şahslara habar etmezden subutnamalary üpjün etmek diňe gaýra goýulmasyz ýa-da işe soňra kimiň gatnaşjagyny kesgitlemek mümkin bolmaýan halatlarda geçirilýär.

5. Şaýadyň ýa-da bilermeniň çakylyk boýunça gelmedik halatynda, notariuslar, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri görmek üçin bu barada şaýadyň ýa-da bilermeniň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete habar berýärler.

IV bölüm. ŞU KANUNY DAŞARY ÝURT RAÝATLARY, RAÝATLYGY BOLMADYK ADAMLAR WE DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝURIDIK ŞAHSLARY BABATDA ULANMAK. DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ HUKUK KADALARYNY ULANMAK. HALKARA ŞERTNAMALARY

123-nji madda. Şu Kanuny daşary ýurt  raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar,  şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ýuridik  şahslary babatda ulanmak 

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň Türkmenistanyň çäginde notarial hereketleri amala aşyrmak üçin şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde notariuslara, ygtyýarly wezipeli adamlara ýüz tutmaga Türkmenistanyň raýatlary we ýuridik şahslary bilen deň hukuklary bardyr.

124-nji madda. Notarius tarapyndan  beýleki döwletleriň hukuk kadalaryny we  halkara hukugynyň kadalaryny ulanmak

1. Notariuslar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň hukuk kadalaryny we halkara hukugynyň kadalaryny ulanýarlar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, notariuslar daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda düzülen resminamalary kabul edýärler, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşde tassyklaýjy ýazgylary amala aşyrýarlar.

125-nji madda. Daşary ýurt raýatynyň  ýa-da raýatlygy bolmadyk  adamyň miras emlägi  goralanda we şeýle emläge  mirasa bolan hukuk  hakynda şahadatnama  berlende Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak.  Türkmenistanyň çäginden 

 daşarda hereketleri ýerine  ýetirmek üçin niýetlenilen  ynanç hatlary

1. Daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam ölenden soň ýa-da mirasdary daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bolan Türkmenistanyň raýaty ölenden soň galan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän emlägi goramak, şeýle hem mirasa ynançly dolandyryjy bellemek we şeýle emläge mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek bilen bagly hereketler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginden daşarda hereketi amala aşyrmaga niýetlenilen, onuň hereket möhleti görkezilmedik, notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanylan ynanç haty şol ynanç hatyny beren şahs tarapyndan ýatyrylýança güýjüni saklaýar.

126-njy madda. Türkmenistanyň çäginden  daşarda düzülen resminamalary notariuslar  tarapyndan kabul etmek

Eger şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň çäginden daşarda beýleki döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan düzülen resminamalar, şeýle hem olardan gelip çykýan resminamalar notariuslar tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan kanunlaşdyrylan şertinde kabul edilýär.

127-nji madda. Notariuslaryň daşary ýurt  döwletleriniň adalat  edaralary bilen özara  hereket etmegi

1. Notariuslar notarial hereketlerini amala aşyrmakda hukuk kömegini bermek barada daşary ýurt döwletleriniň adalat edaralarynyň bellenilen tertipde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirýärler, muňa şu halatlar girmeýär, eger ol:

1) Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna ters gelýän ýa-da onuň milli howpsuzlygyna wehim salýan bolsa;

2) notariusyň ygtyýarlygyna girmeýän bolsa;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän bolsa.

2. Notarial hereketlerini amala aşyrmakda hukuk kömegini bermek barada daşary ýurt döwletleriniň adalat edaralarynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek notariuslar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda geçirilýär.

3. Notariuslar hukuk kömeginiň berilmegi barada tabşyryklar bilen daşary ýurt döwletleriniň adalat edaralaryna Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde ýüz tutmaga haklydyr.

128-nji madda. Beýleki döwletleriň  edaralarynda işleri  alyp barmak üçin zerur  bolan subutnamalary  üpjün etmek

Notariuslar beýleki döwletleriň edaralarynda işleri alyp barmak üçin zerur bolan subutnamalary üpjün edýärler.

129-njy madda. Halkara şertnamalary

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary notariuslaryň ygtyýarlygyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk notarial hereketleriň amala aşyrylmagyny degişli edýän bolsa, notariuslar notarial hereketlerini Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň tabşyrygy esasynda amala aşyrýarlar.

V bölüm. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

130-njy madda. Şu Kanunyň herekete  girizilmegi

1. Şu Kanun 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

2. Şu Kanunyň 45-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak, ony girewine goýmak baradaky geleşikleri tassyklamak, 2-nji, 3-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen notarial hereketleri amala aşyrmaklygy bilen bagly kadalar 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

3. Şu Kanunyň herekete girizilen gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 96-njy madda);

2) 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 126-njy madda);

3) 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji böleginiň 8-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 31-nji madda);

4) 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji böleginiň 20-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda);

5) 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji böleginiň 31-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda);

6) 2019-njy ýylyň 8-nji iýunynda kabul edilen «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 2, 28-nji madda);

7) 2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji böleginiň 14-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 10-njy madda);

8) 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji böleginiň 10-njy bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 14-nji madda);

9) 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji böleginiň 28-nji bendini (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda).

4. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk şu Kanuna laýyk getirilýänçä, şu Kanuna garşy gelmeýänligine görä hereket edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabry.