Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 2463
Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň kabul etmegini özi üçin uly mertebe hasaplaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawyna we ýurdumyzyň dünýäde türki halklaryň örän baý medeni mirasyny wagyz etmäge goşýan goşandyna TÜRKSOÝ-nyň ýokary baha berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Şunda döwlet Baştutanymyz bu guramanyň taryhy, ruhy, medeni gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýän halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyny bellemek hem-de 2024-nji ýylda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly meselelere deglip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän täsin taryhy-medeni mirasyny hem-de özboluşly milli däp-dessurlaryny gorap saklamak, içgin öwrenmek, olary halkara giňişlikde wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz myhmana hem-de onuň üsti bilen TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşine 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa şol ýyl üçin “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna bolan belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Mundan başga-da, Änewiň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bu şähere özüniň baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi üçin täze ugurlary açar, şeýle-de Türkmenistanyň ajaýyp künjeklerini Ýer ýüzünde wagyz etmäge ýardam berer. Bu giň gerimli wakanyň TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi, munuň özi köp babatda umumylyga eýe bolan türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşar.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary netijeli duşuşyk üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyzyň diňe bir türki dünýäniň däl, tutuş dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda-da ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn çemeleşmeleri görkezýändigini belledi. Munuň özi umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň ahyrynda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna, sebit we ählumumy derejede netijeli medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.