Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 7782

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 1992-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan, 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2018 ý., № 2, 47-nji madda; 2019 ý., № 2, 37-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 84-nji madda):

10-njy maddanyň birinji böleginiň 6-njy we 10-njy bentlerinde, ikinji böleginiň 9-njy we 10-njy bentlerinde «iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň», «güwälendirmegi» we «iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallary we önümleri» diýen sözleri degişlilikde «iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň», «sertifikatlaşdyrmagy» we «iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary» diýen sözlere çalşyrmaly;

20-nji maddada «güwälendirmek» we «güwälendirilmegine» diýen sözleri degişlilikde «sertifikatlaşdyrmak» we «sertifikatlaşdyrylmagyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

31-nji maddanyň 2-nji bendinde «galtaşýan» diýen sözden soň «we olaryň gaplanylmagy üçin» diýen sözleri goşmaly;

61-nji maddanyň 12-nji bendinde, 71-nji maddanyň 5-nji bendinde we 87-nji maddanyň birinji böleginiň 27-nji bendinde «iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallar we önümler», «iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň» we «iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallary we önümleri» diýen sözleri degişlilikde «iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallar», «iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň» we «iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 34-nji madda; 2016 ý., № 1, 29-njy we 67-nji maddalar; 2017 ý., № 4, 171-nji madda) 13-nji maddasynyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde, bäşinji, altynjy we ýedinji böleklerinde «kämillik» we «On sekiz» diýen sözleri degişlilikde «ýigrimi bir» we «Ýigrimi bir» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 70-nji madda):

7-nji maddanyň 7-nji bendinde «edaralary» diýen sözden soň «we jemgyýetçilik birleşikleri» diýen sözleri goşmaly;

10-njy maddanyň ikinji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Hossarlyk we howandarlyk edaralary öz işini degişli jemgyýetçilik gaznasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow. 

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabry.