Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Gadyrly dostum!
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Jon Mikal Kwistady Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
Jenap Jon Mikal Kwistadyň mynasyp şahsy häsiýetleri onuň öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine mende ynam döredýär. Şoňa görä-de, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Size meniň adymdan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, meniň uly hormat goýýandygym we dostluk baradaky ynandyrmalaryma doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
HARALD V,
Norwegiýanyň Patyşasy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Biziň uly we gadyrly dostumyz!
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda oňyn we sazlaşykly gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ilkku Rýaýsýaneni Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.
Jenap Rýaýsýaneniň mynasyp şahsy sypatlary onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna laýyk derejede ýerine ýetirjekdigine mende berk ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan, ähli aýtjak zatlaryna, esasan-da, Size — biziň uly we gadyrly dostumyza meniň belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Sauli Wýaýnýamýo NIÝNISTÝO,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident, Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak maksady bilen, men jenap Toomas Tirsi Estoniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
Jenap Toomas Tirsiň zehini we özüne tabşyrylan wezipeleri ýerine ýetirýän wagty görkezýän tutanýerlilik, işewürlik ýaly häsiýetleriniň Siziň goldawyňyza we hormatyňyza mynasyp boljakdygyna ynanýaryn. Şundan ugur alyp, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Estoniýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli aýtjak zatlaryna doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.
Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Alar KARIS,
Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly dostum!
Men uly hormatdan peýdalanýan jenap Ronni Prasetýo Ýuliantorony Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Ol biziň ýurtlarymyzyň özara bähbitleri hem-de Indoneziýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meniň tüýs ýürekden ygrarlydygym barada doly habarlydyr.
Jenap Ronni Prasetýo Ýuliantoronyň şahsy sypatlary we ýokary hünär taýýarlygy onuň Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede öz wezipesini ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan ähli aýtjak zatlaryna, hususan-da, meniň Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edende, doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Goý, Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn!
Joko WIDODO,
Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Gana Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men uly hormatdan peýdalanýan jenap Erik Owusu-Boatengi Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
Jenap Erik Owusu-Boatenginiň ukyp-başarnyklary we tejribesi onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Size meniň adymdan, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Nana Addo Dankwa AKUFO-ADDO,
Gana Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan dostum!
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men uly hormatdan peýdalanýan jenap Goniýa Malimage Wipulatej Wişwanat Aponsuny Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
Jenap Goniýa Malimage Wipulatej Wişwanat Aponsunyň belent şahsy we hünär häsiýetleri özüniň wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynamly bolmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň adyndan Size aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we Türkmenistanyň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlary ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygymy beýan etmek bilen,
Ranil WIKRAMASINGHE,
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik
Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Prezident!
Ozaldan gelýän ýörelgelere hem-de degişli resminama laýyklykda, biziň hormatly doganymyz, Kesarii Mawritaniýadan titulýar arhiepiskop Marek Solçinski Türkmenistandaky Apostol nunsiý wezipesine bellenildi hem-de ol ynanç hatyny gowşurmaga ygtyýarlydyr.
Biziň nunsimiziň ýokary şahsy häsiýetleri we tejribesi onuň öz üstüne ýüklenen wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Size biziň adymyzdan beýan etjek ähli zatlaryna doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize hem-de biziň ýüregimize ýakyn ähli türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş we sazlaşyk eçilmegini dileg edýäris.
Hormatlamak bilen,
FRANSISK,
Rim Papasy.