Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, şeýle hem BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Sultan Al Jaber hem-de wekiliýetiň agzalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Bitaraplygyň 27 ýyllygy bilen gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryny kabul etmäge şatdygyny belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda wekiliýetiň şu gezekki saparynyň netijeli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şeýle hem dürli ugurlarda ilkinji nobatdaky wezipeleriň kesgitlenilmegine gönükdirilen anyk duşuşyklaryň geçirilmegine ýardam etjekdigine berk ynam bildirildi.
Ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparymy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn, onuň barşynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi, möhüm ylalaşyklar gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Bellenilişi ýaly, geljekde bu ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki gepleşikleriň, şeýle hem öňde boljak beýleki, şol sanda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Häzirki wagtda däp bolan dostlukly gatnaşyklar özara düşünişmegiň hem-de ynamyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Özara hormat hem-de ylalaşyk esasynda türkmen-emirlikler gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, BAE-niň biziň ýurdumyzyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny, himiýa senagatyny, ulag-kommunikasiýa hem-de maliýe-bank ulgamlaryny netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, şulardan ugur alyp, beýleki birnäçe ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini zerur hasap edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ykdysady gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlemek bilen, türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, maýa goýumlaryň höweslendirilmegine gönükdirilen, şeýle hem maliýe we hukuk meselelerine degişli ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Geljekde bu resminamalar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat eder.
Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz BAE-däki hyzmatdaşlaryň gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk tekliplerine türkmen tarapynyň seretmäge taýýardygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň işi söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, oba hojalygy, ulag-kommunikasiýalar we beýleki esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda işewürlik üçin ähli şertleriň döredilmegi, şol sanda kanunçylyk binýady, syýasy we durmuş durnuklylygy, senagat taýdan depginli ösüşi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
***
Şeýle hem şu gün senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministr Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna, gurluşyk, elektroenergetika, awtomobil ýollary gurluşygy we himiýa senagaty pudaklaryna, maliýe-ykdysady toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary bilen duşuşyklary geçirdiler.
Ýangyç-energetika toplumy, maliýe-bank ulgamy, gaýtadan işleýän we senagat pudaklary, gurluşyk ýaly strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň häzirki günde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan ýoly, ilkinji nobatda, pudaklara sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, innowasiýalary çekmegi ekologiýa taýdan arassa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň tejribesini ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň başyny başlan we durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny, şol sanda maýa goýum işini işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi hem-de döwletara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.