Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Ozaly bilen, Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň yglan edilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlamak meniň üçin ýakymlydyr.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yglan etmegi türkmen döwletliliginiň taryhynda möhüm waka öwrüldi hem-de ýurduňyzyň içeri we daşary syýasat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty dünýäniň ähli ýurtlary, ozaly bilen bolsa, biziň sebitimiziň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, raýdaşlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde özüni görkezdi.
Öz nobatynda, Özbegistan Türkmenistanyň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasat ugruny, şeýle hem sebit we halkara howpsuzlygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň giňden ösdürilmegine hem-de energetika howpsuzlygyna gönükdirilen başlangyçlaryny hemişe goldaýar.
Sizi Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bu dabaralara gatnaşan Özbegistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirýärin.
Şonuň bilen birlikde, şu ýyl ýokary derejede geçirilen biziň özara saparlarymyzyň doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga uly goşant bolandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen dostluk, özara goldaw hem-de hormat goýmak gatnaşyklarynyň geljekde hem ýurtlarymyzyň umumy ösüşiniň, şeýle hem sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Türkmenistanyň BMG-niň Kararnamasy bilen berkidilen dünýäde ýeke-täk Bitaraplyk hukuk derejesi Siziň döwletiňiziň daşary syýasatynyň esasyny düzmek bilen, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli taglymyny, onuň asuda hem-de okgunly ösüşe ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Minsk bilen Aşgabadyň arasynda emele gelen dostluk gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem-de belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk hem-de ylalaşyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Gruzin halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Dünýäde kynçylyklaryň hem-de wehimleriň dowam edýän häzirki döwründe Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Gruziýa üçin Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy we çuňlaşdyrylmagy örän möhümdir. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz bilen halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygymyza ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Watanyňyza gulluk etmek ugrunda alyp barýan işleriňize çuňňur hormat goýýandygymy ýene bir gezek tassyklaýaryn hem-de Size üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we ösüş arzuw edýärin.
Salome ZURABIŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.