Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly ýurtlaryň energetika, ulag ulgamlarynyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen duşuşyklarda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen we gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalary ylalaşmak meselelerine garaldy.
Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem oňyn hyzmatdaşlyga yzygiderli ygrarly döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, doganlyk ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi maksat edinýär. Munuň şeýledigine üç döwletiň Baştutanlarynyň — Serdar Berdimuhamedowyň, Ilham Aliýewiň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda 14-nji dekabrda geçiriljek gepleşikler şaýatlyk edýär.
***
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy.
“Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe” görnüşindäki döwlet Baştutanlarynyň birinji duşuşygy dostlukly ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň esasy ugry bolan energetika ulgamynda däp bolan strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer. Onuň netijeleri boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekiler. Ýokary derejedäki gepleşiklere taýýarlyk görmegiň çäklerinde uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meselelerini, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny hem-de bilelikdäki işiň soňky ýyllarda gazanylan oňyn tejribesini, bar bolan serişdeler we önümçilik kuwwatyny nazara almak bilen, geljegi uly täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iri energetika döwleti bolmak bilen, özara bähbitlere giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny yzygiderli ösdürmek, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropa bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika strategiýasynyň esasy ugurlarydyr.
Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty birnäçe esse artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini däl, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini hem artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Taraplar bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açylýan uly mümkinçilikleriň hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmaga hem-de özara bähbitleri nazara almaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň şu sammitiniň bu ugurda möhüm ädim boljakdygyna, dostlukly ýurtlaryň we doganlyk halklaryň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
***
Şu gün Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Biziň döwletlerimiziň aýratynlyklary Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmeginden ybaratdyr. Bu bolsa üstaşyr gatnawlarda, logistika hyzmatlaryny hödürlemek babatda uly mümkinçilikleri açýar hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça söwda ýollarynyň netijeli işlemegini üpjün edýär.
Ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzirki zaman düzümlerini döretmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar biziň ýurtlarymyzyň ulag ulgamynda ägirt uly kuwwata eýedigini we şol mümkinçiligi durnukly ykdysady ösüşi saklamak, üç halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, has doly derejede ulanmak arkaly özara habar berip durmuşa geçirmegi maksat edinýändiklerini bellediler.
Ulag-aragatnaşyk ulgamyny, döwrüň talap edýän täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň goldanylýandygyny beýan edip, azerbaýjan we türk hyzmatdaşlary deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýinlik esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Üç ýurduň degişli guramalarynyň demir ýol arkaly gatnawlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleri kabul etmäge hem-de bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň çeýe ulgamyny döretmek boýunça ylalaşygyň taslamasyny we demir ýol ulagy arkaly gatnawlar amala aşyrylanda şertleri işläp taýýarlamaga degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem awtomobil ulaglary arkaly gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek we sazlaşdyrmak, hususan-da, wizalary bermegiň gurallaryny işläp taýýarlamak baradaky meselelere garaldy.
Demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglary arkaly konteýner daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, zerur amallary amala aşyrmagyň hem-de has oňaýly nyrhlary kesgitlemegiň ýeke-täk düzgünlerini işläp taýýarlamak boýunça üç ýurduň degişli düzümleriniň hyzmatdaşlyk etmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, multimodal logopark howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýnerli ýükleri saklap hem-de utgaşykly işläp taýýarlap, olary suw gämilerine ýüklemek, yzyna ugratmak boýunça hyzmatlaryň toplumyny amala aşyryp bilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar kiberhowpsuzlyk hem-de täzeçil tehnologiýalar ulgamynda hünärmenleriň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy barada aýdyp, tejribe alyşmak, şeýle hem bu ulgamda işgärleri taýýarlamagyň görnüşlerini işläp düzmek üçin forumlary we maslahatlaşmalary guramak babatda pikirlerini beýan etdiler.
Taraplar geçirilen gepleşikleriň netijelerini jemläp, hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlary boýunça diýen ýaly uly taýýarlyk işleriniň geçirilendigini nygtadylar. Ulag ulgamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegini gazanmak maksady bilen, bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin döwletleriň öz içerki amallaryny tamamlamagynyň möhümdigi bellenildi.
***
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikleriň öň ýanynda geçirilen duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk üç ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk senenamasyna täze sahypany ýazmaga hem-de mizemez dostluk we doganlyk ýörelgelerine, türkmen, azerbaýjan we türk halklarynyň medeni hem-de ruhy däpleriniň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna esaslanýan oňyn hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, birinji sammite biziň döwletlerimiz ýeterlik derejedäki uly mümkinçilikleri bilen geldiler. Häzirki wagtda taraplar dürli ugurlardaky ýygjam gatnaşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, döwrüň anyk ýagdaýlary bilen şertlendirilen derejä çykarmagyň zerurlygyndan ugur alyp, öz gatnaşyklaryny milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşmagynda ýola goýýarlar. Şunda syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagyna möhüm orun berilýär. Şol gurallary, wekiliýetleriň agzalarynyň pikirine görä, işjeňleşdirip hem-de güýçlendirip, duşuşyklara, ilkinji nobatda, daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklara ulgamlaýyn häsiýet berilmelidir. Bu bolsa ýakyn we orta möhletli geljek üçin bilelikdäki çäreleri meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, üç ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek barada birnäçe netijeli teklipler beýan edildi. Söwda-ykdysadyýet, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Wekiliýetleriň agzalary üçtaraplaýyn görnüşdäki gepleşikleriň uly ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmeginiň deňhukuklylyk, ynanyşmak we hoşniýetli erk esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
***
Energetika, ulag toplumlarynyň we daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragyndaky myhmansöýerlik, işjeň ýagdaýda işlemek üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Umuman, häzirki gepleşikler üç doganlyk ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlary boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri tapmagyň wajypdygyna düşünilýändigini, şeýle hem olaryň geosyýasy we geoykdysady babatda özara bähbitli, köptaraply hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýdyň görkezdi.