Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylap hem-de oňa Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe birinji üçtaraplaýyn sammitiniň dünýä möçberindäki taryhy ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, üç doganlyk ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, halkara deňiz şypahanasy derejesine eýe bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolmagyna örän şatdygyny nygtady. Soňky ýyllarda onuň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde gurlan kaşaň myhmanhanalar, saglyk edaralary we saglygy goraýşyň beýleki desgalary kenarýaka zolaga görk berýär.
Türkiýe Respublikasynyň Baştutany türkmen-türk dialogynyň birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ylalaşykly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän ünsüni aýratyn belledi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belläp, şu ýylyň 18-nji noýabrynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparyny we onuň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Türkiýäniň parlamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady.
Dostluk, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan dürli derejelerdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly tagallalaryň edilendigi bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini belläp, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň uly tejribesiniň toplanandygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine deglip geçildi. Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde goşulyşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Häzirki günde ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ähli goldawy bermäge taýýardygyny tassyklap, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.