Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Hormatly jenap Prezident!
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy bilen gutlaýaryn.
Geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de sebit gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn okgunly häsiýet berdi. Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugrunyň Merkezi Aziýada we has giň sebit derejesinde hemişe durnuklylaşdyryjy ähmiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belleýärin. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygynyň ýeten derejesine ýokary baha berýärin.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurduňyzyň dünýädäki belent abraýynyň we üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, sebit merkeziniň öňüni alyş başlangyçlaryny Siziň hut özüňiziň goldaýandygyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy saklamak maksady bilen, geljekde-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, üstünlik we abadançylyk arzuw edýärin!
Çuňňur hormatlamak bilen,
Natalýa German,
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. Türkmenistanyň häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen köp sanly halkara başlangyçlary Siziň ýurduňyzyň öz Bitaraplyk hukuk derejesini sebit howpsuzlygyny, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen işjeň ulanmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Halkara bileleşik, şol sanda ÝHHG şu ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegini goldaýar. Bu möhüm başlangyç Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini ählumumy parahatçylyga, tutuş sebitde abadançylyga, durnukly ösüşe ýardam etmek üçin has netijeli peýdalanmaga berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür, ýurduňyzyň we sebitiň bähbidine ýadawsyz zähmetiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagt, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Jon Makgregor,
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy.