Ýyllaryň hatar kerweni —
Goja dünýäň hakydasy.
Durmuş bir kitap ýalydyr,
Her ýyl — täze sahypasy.
Ýyldyrym deý ýüwrük atyň
Badynda gördüm ýyllary!
Ak bagtyň ak ýollaryna
Badalga gördüm ýyllary!
Asman-zemin arasy —
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat!
Doýma ýok ynsan ogluna
Durmuşyň şirin dadyndan!
Bezeýär uly dünýäni
Ýaz ýaly ýagşy adamlar.
Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk-gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW