Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen ýürekden gutlaýaryn.
Geljek ýylyň ýurtlarymyz we halklarymyz üçin mundan beýläk-de ösüşlere beslenjekdigine, Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesiniň bolsa ykdysady, durmuş we ynsanperwer ulgamlardaky belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, täze ýylda ähli meýilnamalaryňyzyň, maksatlaryňyzyň we tagallalaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Ýetip gelen täze, 2023-nji ýyl mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli, Size tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.
Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňizi täze, 2023-nji ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym we dostluk baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz
Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.