Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Diplomat Gyrgyz Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine özüniň hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.
Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde dürli pudaklarda, şol sanda işewürlik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.
Halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň ýakynlygy dürli derejedäki türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin amatly binýady emele getirýär. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň, sebitde däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow hormatly Prezidentimize özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň, olaryň halklarynyň, sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak syýasatyna eýermek hem-de Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, jenap Azizbek Madmarowy Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
Şunuň bilen baglylykda ony mähirli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Gyrgyz Respublikasynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.