Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 3141

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size bagtly täze ýyly arzuw edýärin.

Katalin Nowak,

Wengriýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýylda Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Maýýa Sandu,

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2023-nji ýylda iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size bagtly täze ýyly arzuw edýärin.

Uhnaagiýn Hurelsuh,

Mongoliýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu ýyl ähli musulman ymmatyna we tutuş adamzada rowaçlyk, abadançylyk eçilsin!

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly halklarymyza bolsa ösüş we üstünlikleri arzuw edýärin.

Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah,

Kuweýt Döwletiniň Emiri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýylda Size we Siziň ýakynlaryňyza bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Mohammed VI,

Marokkonyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem Siziň Täze ýyl gutlagyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin. Ýetip gelen ýylyň ýurtlarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze sahypasyny açjakdygyna umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Şahbaz Şarif,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Geçen ýylyň ýurtlarymyz üçin diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmakda üstünlikli bolandygyny bellemek isleýärin. Täze ýylda dostluga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň täze depgin bilen ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Alihan Smailow,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Size bagtly täze ýyly arzuw edýärin.

Wiktor Orban,

Wengriýanyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Luwsannamsraýn Oýuun-Erdene,

Mongoliýanyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Genrih,

Lýuksemburgyň Beýik Gersogy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Tatýana Walowaýa,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary,

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallygymy kabul ediň!

2023-nji ýylyň hemmämiz üçin rowaçlygyň we üstünlikleriň ýyly boljakdygyna umyt edýärin. Şu ýylda birnäçe möhüm hökümetara çäreler geçiriler we olar biziň hem-de geljekki nesillerimiziň rowaçlygyna ynamymyzy pugtalandyrar. 2023-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilmegi meýilleşdirilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça sammit bu çäreleriň esasysydyr. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki işe bil baglaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Lýu Çženmin,

BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem Siziň iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallygymy kabul ediň! Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň bilen özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça, şol sanda Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ynam bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Rozmari A.Dikarlo,

BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy hem-de parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary.