Ï TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY

view-icon 16629

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda; 2020 ý., № 3, 68-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 6-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«61-njy madda. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary Konstitusion kanun bilen kesgitlenýär.»;

2) 66-njy maddada «Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis)» diýen sözleri «Mejlisi» diýen söze çalşyrmaly;

3) 71-nji maddada:

9-njy we 13-nji bentlerde «Milli Geňeşiniň» we «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözleri «Mejlisiniň» diýen söze çalşyrmaly;

10-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Türkmenistanyň Mejlisine gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Eger Türkmenistanyň Mejlisi deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur;»;

11-nji bentde «Milli Geňeşine» diýen sözleri «Mejlisine» diýen söze çalşyrmaly;

16-njy we 17-nji bentlerde «Halk Maslahatynyň» we «Mejlise» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» we «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 73-nji maddada «Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da» diýen sözleri «Mejlisiniň» diýen söze çalşyrmaly;

5) 75-nji maddany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

6) 76-njy maddada «Halk Maslahatynyň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) III baby şu görnüşde beýan etmeli:


«III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI


77-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi (parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.

78-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanýarlar. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanyp bilner.

79-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisi aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

80-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi deputatlaryň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär, olaryň arasyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

81-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi:

1) Konstitusiýany we kanunlary kabul edýär, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar;

2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar;

4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;

5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;

7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň içeri işler ministrini, Türkmenistanyň adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;

8) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçyny saýlaýar;

9) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär;

11) halkara şertnamalary tassyklaýar we ýatyrýar;

12) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär;

13) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

14) Konstitusiýa we kanunlar bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

82-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hökman garalmalydyr.

Türkmenistanyň Mejlisi aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

83-nji madda. Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.

84-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmak, şeýle hem dilden we hat üsti bilen sorag bermek hukugyna eýedir.

85-nji madda. Döwlet Türkmenistanyň Mejlisiniň her bir deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.

86-njy madda. Deputat deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan mahrum edilip bilner. Şu mesele boýunça çözgüt Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmasa, deputat administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen onuň azatlygy çäklendirilip bilinmez.

87-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez.

88-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy gizlin ses bermek bilen saýlanýar. Ol Türkmenistanyň Mejlisine hasabat berýär hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary açyk ses bermek arkaly saýlanýar, ol Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň bolmadyk halatynda ýa-da onuň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy mümkin bolmasa, onuň borçlaryny ýerine ýetirýär.

89-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň Prezidiumy Türkmenistanyň Mejlisiniň işini guramagy amala aşyrýar.

Prezidiumyň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

90-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň, onuň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, deputatlarynyň iş tertibi, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen kesgitlenýär.»;

8) 94-nji maddanyň 1-nji bendinde, 113-nji we 129-njy maddalarda «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözleri «Mejlisiniň» diýen söze çalşyrmaly;

9) 120-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«120-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenýär.»;

10) 125-nji maddada «Halk Maslahatynyň agzalarynyň» we «Halk Maslahatyna» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň» we «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 142-nji maddada «Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi we Mejlisiň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.

III. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty şu Konstitusion kanunyň herekete girizilen gününden öz işini bes edýär.

IV. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

V. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararlaryny üýtgetmäge we ýatyrmaga bolan hukugy Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlylygyna degişli etmeli.

VI. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny şu Konstitusion kanunyň herekete girizilen gününden, möhletinden öň ýatyrmaly.

VII. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança saklanyp galýar.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwary.