Ï Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

view-icon 3926
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda «Ýonsan» köşgüniň binasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty Koreýa Respublikasynyň Prezidentine özüniň ynanç hatyny gowşurdy.

Prezident Ýun Sok Ýol Ilçi B.Durdyýewi ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşugyň dowamynda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hem-de türkmen diplomaty ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň ygtybarly binýady döredildi diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklary hususan-da, syýasy-parlamentara ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary görkezildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Ilçi B.Durdyýew Prezident Ýun Sok Ýoly Türkmenistanyň Koreýadaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.