Ï «Arkadagly ýaşlar» atly täze žurnalyň birinji sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagly ýaşlar» atly täze žurnalyň birinji sany çapdan çykdy

view-icon 4576
«Arkadagly ýaşlar» atly täze žurnalyň birinji sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan esaslandyrylan «Arkadagly ýaşlar» atly täze žurnal Türkmenistanyň elektron neşirleriniň üstüni doldurdy. Bu internet neşiri ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny beýan edýär, tanymal adamlara – ýaş nesliň halypalaryna, şeýle hem öz işleri, gyzyklanmalary we arzuwlary barada gürrüň edýän ýaşlara söz nobatyny berýär.

Žurnalyň ýanwar sanyny onuň baş redaktory Döwletgeldi Durdymuhammedow «Arkadagdan arkaly biz» makalasy bilen açdy. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýewiň makalasy ýaly, bu makala-da ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň kanuny we sosial goldawyna gönükdirilen, ýurdumyzyň ýagty geljegine ynam bilen baglanyşykly bolan döwlet ýaşlar syýasatynyň meselelerine bagyşlanýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşyklylykda türkmen ýaşlarynyň döwletiň we jemgyýetiň beýik ynamyny ödemäge taýýardygy beýan edilýär.

Žurnalyň birinji sanynda her bir okyjy özüni gyzyklandyrýan tema boýunça üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde makalalary okap biler. Olaryň arasynda häzirki zaman, täze Arkadag şäheri, zähmetiň, bollugyň we bagtyň özara baglanyşygy, ata-enäniň çaga terbiýesindäki orny, keşde sungaty, Gulbaba adyndaky ýörite çagalar baýragy we bu baýraga mynasyp bolanlar hem-de kitaplar barada gyzykly maglumatlar, üstünliklere eýe bolan adamlaryň ýaşlara maslahaty we başga-da köp zatlar bar.

Žurnalda terbiýe we däp bolan maşgala gymmatlyklary bilen bir hatarda ýaşlara dünýäni hem giň mümkinçilikleri açýan iňlis dilini we sanly tehnologiýalary öwrenmegiň, geljekki dolandyryjylary taýýarlamagyň ähmiýeti bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin beýan edilýär. Makalalary ýazanlaryň arasynda mugallymlar, şahyrlar, žurnalistler we jemgyýetçilik işgärleri ýaly, ýaşlaryň hormatyny gazanan adamlar bar. «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow we «2022-nji ýylyň zenany» bäsleşiginiň «Ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýradanlygy üçin» ugrunyň ýeňijisi Gülşirin Hanowa öz makalalarynda ýaşlary gyzyklandyrýan dostluk, söýgi we wepalylyk meselelerini gozgaýar.

Redaksiýanyň ýaşlary žurnalda çap ediljek makalalary we beýlekileri taýýarlamaga we ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşmaga, žurnal bilen baglanyşyk hem-de interaktiw aragatnaşyk döretmäge höweslendirmegi bellenmäge mynasypdyr. Neşiriň ahyrynda yglan edilen iň oňat makala ugrundaky bäsleşik hem şu maksada hyzmat eder.