Ï Ýaş nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň işleriniň sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň işleriniň sergisi guraldy

view-icon 3778
Ýaş nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň işleriniň sergisi guraldy

Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda açylan ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaş nakgaşlarynyň we heýkeltaraşlarynyň işleriniň sergisi 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Bu ýerde goýlan işleri dogduk topraga, onuň tebigat gözelliklerine, milli ruhy we medeni gymmatlykara hem-de döredijilikli döwrümiziň täzeliklerine söýgi birleşdirýär.

Muzeýiň Türkmenistsanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guran sergisindäki dürli ýiti reňklerdäki suratlarda, kiçiräk heýkellerde hereketler, duýgular we häsiýetler täsirli beýan edilýär.

-«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda welaýatymyzdan zehinli ýaşlaryň ýene onusynyň Türkmenistsanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilmegi bizi buýsandyrýar – diýip, muzeýiň ylmy işgäri, sungaty öwreniji Batyr Uzakberdiýew gürrüň berýär.

-Sergimize gelýänler M. Moşşyýew, S. Töräýew, R.Abdullaýew ýaly ýaş nakgaşlaryň, B.Annamedow, Ş. Akbaýewa we beýleki heýkeltaraşlaryň işleriniň köpüsine syn edip bilerler.Olaryň hersiniň özüne mahsus tilsimi bar.

Şeýle hem sergide sebitimizden tanymal ussatlar G. Babaýewiň, A. Galandarowyň, Ý. Kabulowyň tebigata bagyşlanan natýurmortlary, suratlary, halk ussady, Türkmenistsanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, nakgaş Bagtyýar Hojanyýazowyň we beýlekileriň ajaýyp işleri görkezilýär.

Sergide goýlan eserler ýerli nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda ussatlygynyň ýokarlanýandygyna, olaryň milli ruhy hem-de medeni gymmatlyklara aýawly çemeleşýändigine göz ýetrimäge mümkinçilik berýär.