Ï “Parahat” HK – maşgala üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Parahat” HK – maşgala üçin

view-icon 3522
“Parahat” HK – maşgala üçin

“Parahat” HK maşgalalar üçin şire, çaga iýmitleri, şöhlat öndürijileriniň esasylarynyň biridir.

Bu kärhana “JOŞ” we “EÇIL” söwda nyşanlary bilen her dürli şire öndürýär. Şireler dürli göwrümde gaplanýar, olarda GMO, emeli reňkler, konserwantlar ýok we özboluşly tagamy bilen diňe bir çagalaryň däl, eýsem ulularyň hem keýpini göterýär.

“ÝESERJE” söwda belgisi bilen çaga mäjumy-da öndürilýär. Bu önüm “Parahat” kompaniýasy tarapyndan mekdebe çenli we mekdep ýaşyndaky çagalar üçin ýörite döredilen tagamly, tebigy önümleriň jemidir. “ÝESERJE” ýarlygy bilen çykarylýan iýmit çaga tijenip, ýaňadan güýje gelmäge kömek edýän tebigy miwelerden öndürilýär. Bu önüm şeýle bir amatly gaplanypdyr welin, çagalaryn ýaşyna garamazdan, mekdep ýa-da çagalar bagy bolsun tapawudy ýok, hemme ýere äkidip bilýärler.

Şireler we mäjumlar, tebigy miweleriň peýdasyny we tagamyny iň ýokary derejede saklap, çaganyň sagdyn ösmegine goşant goşýar, çünki olaryň sagdynlygy we ösmegi üçin zerur bolan witaminlerdir minerallaryň iň amatly gatnaşygyny özünde jemleýär, onuň özüne çekiji owadan gaby bolsa çagany elmydama begendirer.

2017-nji ýylda “DAT” ýarlygy astynda ketçuplary we pomidor goýultmasyny öndürýän bir desga işe girizildi. Önüm ygtybarly we howpsuz “Doy Pack” gabyna guýulýar, çünki ony ulanmak we saklamak amatly.

Häzirki wagtda körpeler üçin önüm, ýagny dürli galladan süýtli şüle önümlerini işläp taýýarlamak we öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.