Ï Türkmen küştçüleri dünýä reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüleri dünýä reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdylar

view-icon 5183
Türkmen küştçüleri dünýä reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdylar

Türkmenistanyň zenanlar küşt topary Halkara küşt federasiýasy (FIDE) tarapyndan aýda bir gezek neşir edilýän dünýä reýtinginde 40-njy orna çenli ýokary galmagy başardy.

Türkmen küştçi gyzlarynyň indi 200 ýurduň arasynda 56-njy orunda durýan öňdäki onlugynyň sanawdaky ortaça reýtingi häzirki wagtda 1940-dyr.

Toparlaýyn reýting görkezijileriniň birden-bire okgunly ösmegi, ilkinji nobatda, «pandemiýa ümsümliginden» soň Türkmenistanda küşt ugrunda göze ilýän ýokary ýaryş işjeňligi bilen şertlenendir. Pandemiýa ýyllarynda durgunlaşan küştçüler soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan geçirilen birnäçe ýaryşyň netijesinde mynasyp «işjeň» orunlaryna gaýdyp gelýärler.

Bu milli ýaryşlaryň aýratynlygy öňki ýyllardan tapawutlylykda, guramaçylaryň ýurt derejesindäki ähli ýaryşlarda oýnalan oýunlaryň aýry-aýry reýtinginiň hasaba alynmagyny üpjün etmegidir, bu bolsa her bir küştçüniň FIDE-niň halkara reýting sanawynda öz oýun derejesine laýyk gelýän reýtingi ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Soňky üç aýyň ähmiýetli ýaryşlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligalaryny, hem açyk, hem zenanlar toparlarynda çalt we blits küşt boýunça milli çempionatlary (2022-nji ýylyň noýabr aýy), açyk we zenanlar kategoriýalarynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda milli çempionatlary (2023-nji ýanwar) bellemek bolar. Ýaryşlaryň aýry-aýry zenanlar kategoriýalaryna garamazdan, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy küştçi gyzlarymyzyň häzirki wagtda «açyk» diýlip atlandyrylýan erkekleriň ýaryşlaryna-da gatnaşmagyna ýagşy itergi berýär.

Ýeri gelende aýtsak, şu günler Türkmenistanyň çempionatynyň zenanlaryň arasynda ýokary ligasy hem bolup geçýär, munda bäş tapgyrdan soň ýurduň häzirki çempiony Jemal Öwezdurdyýewa 4,5 utuk bilen öňde barýar. Uýalar Läle we Leýla Şöhradowalar, şeýle hem Ogulsuraý Baýrambaýewa ondan ýarym utuk yza galýar. Jemi 14 küştçüniň gatnaşýan bu ýaryşy 13 tapgyrda geçiriler.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habaryna görä, 13-nji fewralda 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda çaga we ýetginjek ýaş toparlarynda çempionat başlanar. Fewral aýynyň ahyrynda bolsa ýylyň esasy başlangyjy – adatça, «erkekler» ady bilen tanalýan Türkmenistanyň açyk çempionatynyň esasy ligasy meýilleşdirilipdir, ýöne şu ýyl oňa zenanlaryň ýokary ligasynyň çempiony hem gatnaşar.

Erkek küştçüler-de öz derejelerini ýokarlandyrmak bilen, öňki aý bilen deňeşdirilende, dünýä reýtinginde bir basgançak ýokaryk galyp, 66-njy orny eýeledi. Halkara ussat Ýusup Atabaýew reýting görkezijilerinde ep-esli öňe gidişlik görkezip, indi türkmen küştçüleriniň reýting sanawynda iň öňde barýar. Onuň reýtiňi 2516-a ýetdi.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň FIDE reýting hasaplaýşy bilen köp ýaryş geçirmegiň ugry aýdyň görünýär, bu bolsa öz gezeginde sportçularyň ýokary höweslenme derejesine we ýokary derejeli oýunçylaryň halkara ýaryşlaryna has işjeň çagyrylmagyna täsir edýär.