Ï Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 2980

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.