Ï Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 2295

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.