Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Geçen ýyllaryň dowamynda biziň doganlyk ýurtlarymyz gadymdan gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýän köpugurly gatnaşyklary ýola goýdular.
Biz ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen netijeli hem-de baý mazmunly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyzy we hemişe üns berýändigiňizi bellemek gerek. Bilelikdäki tagallalar arkaly ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk özbek halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.