Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly dostum!
Sizi gatnaşyklarymyzyň taryhyndaky şanly sene — Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary asyrlarboýy parahatçylykda we ylalaşykda ýaşaýan, umumy kökleri bolan garyndaş halklarymyzyň abadançylygynyň hem ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň möhüm binýady bolup hyzmat edýär.
Siziň Alyhezretiňiziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine we özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylmagyna goşan ägirt uly goşandyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Aramyzda ýola goýlan hemişelik açyk we ynanyşykly dialog, döwletara gatnaşyklarymyzyň netijeli mehanizmleriniň döredilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýadydyr.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyňyz netijesinde Türkmenistan häzirki günde ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar, halkyňyzyň abadançylyk derejesi gün-günden ýokarlanýar, ýurduňyzyň halkara abraýy belende galýar.
Siziň geçen ýylyň 11-nji noýabrynda Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmagyňyz we Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagyňyz forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini nobatdaky gezek dünýä äşgär etdi.
Siziň ýurduňyzyň we halkyňyzyň ösüşiniň bähbidine asylly hem-de taryhy başlangyçlaryňyz, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan strategiýalaryňyz, maksatnamalaryňyz, durmuşa geçiren giň gerimli özgertmeleriňiz nazarda tutulyp, ýakynda Siz kanuny taýdan türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildiňiz we Bitarap Türkmenistanyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildiňiz.
Gadymdan gelýän doganlyk, mizemez dostluk we özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine berk ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asylly işleriňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Munuň özi doganlyk Türkmenistanyň halkynyň milli erk-isleginiň, Size bolan belent ynamynyň beýanydyr, Siziň durmuşa geçiren oňyn syýasatyňyza, tutanýerli we ýadawsyz tagallalaryňyza berlen ýokary sylagdyr, doganlyk Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, abadançylygy ugrunda bitiren hyzmatyňyza goýulýan sarpadyr.
Taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklar biziň halklarymyzy birleşdirýär. Häzirki wagtda bu hoşniýetli ýörelgelere daýanýan döwletara gatnaşyklar, özara ynama we goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygymyz okgunly ösdürilýär. Siz azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de hil taýdan täze derejä çykarylmagyna uly goşant goşduňyz. Biziň halklarymyzyň erk-islegine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Azerbaýjanyň hormatly aksakgaly
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan
Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Azerbaýjanyň Aksakgallar Geňeşiniň adyndan Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň döwlet işgäri hökmünde baý tejribäňiz Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde we berkarar döwlet hökmünde kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Siziň başyny başlan özgertmeleriňiz türkmen halkynyň rowaçlygynyň ýokarlanmagyna ýardam berdi, şonuň netijesinde Siz Türkmenistanyň her bir raýatynyň tüýs ýürekden hormatyna mynasyp bolduňyz.
Sizi Azerbaýjanyň ýakyn dosty diýip ykrar etmek bilen, Siziň öňdengörüjiligiňiziň we döwlet işgäri hökmündäki baý tejribäňiziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýarys.
Size berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Eldar GULIÝEW,
Azerbaýjanyň Aksakgallar
Geňeşiniň Başlygy,
Azerbaýjan Respublikasynyň
Milli Ýygnagynyň Hasap toparynyň Başlygy.