Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 3830

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmegiň we birek-birege goldaw bermegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de ýakyn goňşymyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygy tassyklap, özara gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.